

Rus kompaniýasy Özbegistanda örän gysga wagtda atom elektrik stansiýasyny gurmaga taýýar
Russiýanyň “Rosatom” döwlet kompaniýasy degişli şertnama baglaşylandan soň, örän gysga wagtda Özbegistanda energiýa öndürijiligi 1,2 müň megabite deň bolan iki energiýa bloguny gurmaga taýýar. Bu barada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň we Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň Ikinji ýaşlar forumynyň çäginde aýdyldy diýip “TASS” habarlar agentligi habar berýär.





















