

Türkmenistan özbek Lideriniň iň köp sapar eden ýurtlarynyň biri boldy
Türkmenistan özbek Lideri Şawkat Mirziýoýewiň soňky 6 ýylda iň köp sapar eden esasy 3 ýurdunyň biri boldy.


Türkmenistan özbek Lideri Şawkat Mirziýoýewiň soňky 6 ýylda iň köp sapar eden esasy 3 ýurdunyň biri boldy.


Russiýa Federasiýasynyň Başkortostan Respublikasy Türkmenistana 292 tonna bugdaý ununy eksport etdi.


Türkmenistanyň Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew ýolbaşçylygyndaky topar, şeýle hem Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliniň wekilleri Ýaponiýanyň Sanly özgeriş agentliginiň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdiler.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň, işgärleriniň bir toparyny medallar bilen sylaglamak, olara harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek hakynda Permanlara gol çekdi.


Türkmenistan Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda möhüm ulag merkezine öwrülip biler. Biziň ýurdumyzda Hazar deňzinde häzirki zaman port infrastrukturasy bar, kontinentdäki harytlaryň üstaşyr geçirilmegi üçin halkara geçelge hökmünde ähmiýeti artýar diýip, Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginň Baş direktorunyň orunbasary Batyr Annaýew, Brýusselde “Global Gateway” Maýa goýum forumynyň açylyşynda aýdyp geçdi.


ÝB we Merkezi Aziýa ulag baglanyşyklary boýunça “Global Gateway” maýa goýum forumy şu gün, 29-njy ýanwarda Brýusselde açyldy, ol Ýewropa, Merkezi Aziýa, Kawkaz we Türkiýe we “G7-Uly ýedilik” hökümetlerini, maliýe guramalaryny, işewür we raýat jemgyýetlerini bir ýere jemledi. Ýewropa Komissiýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Waldis Dombrowskis foruma gatnaşýan Ýewropa we halkara maliýe guramalarynyň Merkezi Aziýada durnukly ulag aragatnaşygyny goldamak we maýa goýmak üçin 10 milliard ýewro berjekdigini habar berdi.


26-njy ýanwarda anna güni Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda nebithimiýa, dokma senagaty önümlerine we elde dokalan halylara uly isleg bildirildi.


GoogleDeepMind kompaniýasynyň GraphCast emeli intellekt nusgasy ilkinji gezek boljak howany meteorologlardan has takyk çaklady.


Demirgazyk - Günorta halkara ulag geçelgesini ösdürmegiň çäklerinde Russiýa geljekde hem Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň ulag taslamalaryna gatnaşmagy dowam etdirer. Bu barada Russiýanyň Hökümetiniň wise-premýeri Alekseý Owerçuk beýleki yklymüsti ulag geçelgelerinde bar bolan meseleleriň çäginde degişli ulag geçelgesiniň barha artýan ähmiýetini göz öňünde tutup belläp geçdi. Bu barada "TASS" habarlar agentligi mälim edýär.


12-nji fewraldan başlap, daşky gurşawyň we howanyň üýtgemegini öwrenýän Merkezi Aziýa "ýaşyl" uniwersiteti (Green University) özüniň ilkinji akademiki möwsümine başlar.


"Deňizleriň nyşanynyň" agramy 250 müň 800 tonna, uzynlygy bolsa, 365 metre barabar bolan dünýädäki iň uly ýolagçy gämisidir. Ol “Titanikden” hem bäş esse uludyr.


Jahankeşde Fýodor Konýuhow rus-arap toparynyň düzüminde Birleşen Arap Emirlikleriniň çöllerine iki hepdelik syýahata ugrady.


Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetine Germaniýanyň “Goetzpartners Emerging Markets GmbH” kompaniýasy bilen maslahat beriş hyzmatlary barada şertnama baglaşmagyna rugsat berýän Karara gol çekdi.


Gazagystanyň hökümeti, Suw hojalygy we suwaryş ministrligi tarapyndan esaslandyrylan Hazar deňziniň gözleg institutyny döretmek baradaky Kararyny tassyklady diýip, edaranyň metbugat gullugy habar berdi.


27-nji ýanwarda Aşgabatda, 20 ýaşa ýetmedikleriň arasynda Türkmenistanyň küşt çempionaty tamamlandy, ýaş ussatlar Amanmuhammet Hommadow we Lala Şohradowa liderligini tassykladylar.