

Türkmenistan metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Ählumumy metan borçnamasyny ýerine ýetirmek bilen bagly Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy barada hasabat berdi. Hasabatyň dowamatynda howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler babatda halkara borçnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ýurduň daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygy nygtaldy




















