Golaýda Magtymguly adyndaky TDU-da Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň guramagynda her ýyl aprel aýynyň 21-ne bellenilýän nusgawy pars edebiýatynyň görnükli şahyry Saady Şirazyny hatyralamak gününe bagyşlanyp edebi-medeni duşuşyk hem-de şygyr bäsleşigi geçirildi.
Goşgy bäsleşigine emin agzalary hökmünde Eýranyň Türkmenistandaky Ilçisi Ali Mojteba Ruzbehani, Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, pars dili we edebiýaty boýunça doktor, pars dili we edebiýaty mugallymy Ýadulla Mohammadi, Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň Leksikografiýa, terminologiýa we dil medeniýeti bölüminiň ylmy işgäri Güýçmyrat Çaňlyýew hem-de Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň Tekstologiýa we edebi miras bölüminiň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Rahmanberdi Godarow gatnaşdylar.

Gatnaşyjylar Türkmen Döwlet uniwersiteti bilen Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň bilelikde gurnan Saady Şirazynyň döredijiligine hem-de “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylyna bagyşlanan sergisini synladylar.
Dabaranyň başynda Magtymguly adyndaky TDU-nyň rektory Orazgeldi Öwezsähedow, Ilçi Ali Mojteba Ruzbehani we geňeşçi Abdolreza Abbasi dagylar çykyş etdiler. Çykyşlarda pars we türkmen edebiýatyndaky umumylyklar beýan edilip, olaryň köpasyrlyk taryha eýe bolan türkmen-eýran gatnaşyklaryndaky hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, umumy medeni we ruhy gymmatlyklara, şol sanda umumy edebiýata we taryha esaslanýandygy barada bellenip geçildi.

Çäräniň dowamynda geçirilen şygyr bäsleşigine Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen Döwlet Mugallymçylyk institutynyň talyplary, şeýle-de Medeniýet merkeziniň pars dilini öwrenijileri gatnaşdylar.

Jemi üç tapgyrdan ybarat bolan bäsleşigiň birinji tapgyrynda gatnaşyjylar Saady Şirazynyň pars dilindäki şygyrlarynyň azyndan 6 beýtini (ikilemesini) ýatdan aýdyp berdiler. Ikinji tapgyra saýlanan 9 sany gatnaşyjy öz aýdan şygyrlarynyň her bir beýtine pars dilinde düşündiriş berdi. Jemleýji tapgyra jemi 6 sany gatnaşyjy saýlandy we olara emin agzalarynyň topary tarapyndan pars dilinde taýýarlanan Saady Şirazynyň ömri we döredijiligine degişli 30 sany sorag berildi.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň pars dili öwrenijileri Amanmyradowa Nurana we Garrybaýewa Nurana, degişlilikde I we II orna, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň pars dili we edebiýaty hünäriniň II ýyl talyby Orazowa Selbi III orna mynasyp boldy. Ýeňijilere Ilçihananyň adyndan Minnetdarlyk haty, Saadynyň türkmen dilindäki eserlerler ýygyndysy we pul baýraklary gowşuryldy.

Dabaraly çäräniň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň “Bagtyýarlyk owazlary” medeni merkeziniň aýdymçylar we folklor tans toparlarynyň, şeýle hem Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplarynyň türkmen we pars dillerinde ýerine ýetiren täsirli çykyşlaryna tomaşa edildi.
ORIENT
