Watandaşymyz, Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany, “Roskosmos” korporasiýasynyň kosmonawtlar bölüminiň birikme serkerdesi Oleg Kononenko Anna Kikinany gül dessesi bilen garşy aldy. Ol Halkara kosmos stansiýasyndaky ekspedisiýadan soň Russiýa gaýdyp geldi. Şu gün irden ýörite uçar “Roskosmos” korporasiýasynyň bölüminiň ýeke-täk zenan kosmonawty bilen Domodedowo howa menzilinde gondy.

Anna Russiýanyň taryhynda bäşinji zenan kosmonawt. Kosmosda bolan zenanlaryň altynjysy (ilkinji gezek kosmosda surata düşürilen “Wyzow” atly çeper filmde oýnan artist Ýuliýa Peresild - bäşinji) hasaplanýar.
Mundan başga-da, Anna Kikina HKS-iň taryhynda Amerikanyň “SpaceX” kompaniýasynyň “Crew Dragon” kosmos gämisiniň ekipažynyň düzüminde älem giňişligine uçuş amala aşyran ilkinji russiýaly kosmonawtdyr. Kosmos gämisi 12-nji martda Meksika aýlagyna gondy. Anna Hýustondaky Jonson adyndaky NASA kosmos merkezinde reabilitasiýa başlady we indi ony “Star City”-de dowam etdirer.

“Bu ýerde birnäçe hepdäniň dowamynda hünärmenleriň ýolbaşçylygynda kosmonawtyň saglygyna baha berler. Lukmançylyk barlagyndan we dürli synaglardan soň lukmanlar mundan beýläkki dikeldiş meýilnamasyny kesgitlärler" – diýip, Kosmonawtlary taýýarlamak boýunça merkezde aýtdylar.

Kosmonawtlary taýýarlamak boýunça merkeziň başlygynyň orunbasary, kosmonawtlar bölüminiň serkerdesi Oleg Kononenko žurnalistlere Kikinanyň dikeldiş tapgyry barada gürrüň berdi we: "Kosmonawtlary taýýarlamak boýunça merkezde Anna 7-nji aprele çenli dowam etjek dikeldiş maksatnamasy garaşýar" - diýdi.

Ondan ozal merkezde Oleg Kononenkonyň Halkara kosmos stansiýasyna bolan bäşinji uçuşa görýän taýýarlygy, geçýän türgenleşikleri we synag işleri barada gürrüň berdiler.
Leonid Kiýaşko, ORIENT-iň ýörite habarçysy, Russiýanyň etnikara žurnalistikasynyň Gildiýasynyň agzasy (Iwanowo ş.)
