14-nji dekabr Türkmenistanyň senenamasynda möhüm günleriň biri. Hut şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 15-nji ýanwaryndaky Karary bilen döredilen nebit-gaz senagatynyň we geologiýa işgärleriniň güni, ýagny hünär baýramçylygy bellenilýär. Bu waka ýurduň ykdysadyýetini ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolup, bu pudagyň işgärleriniň ykdysady ösüşe we energetika howpsuzlygyna goşýan zähmet goşandynyň wajyplygyny açyp görkezýär.
Nebit-gaz senagatynyň we geologiýa işgärleriniň gününiň wajyplygy taryhy çygrynda hem bellärlikdir, sebäbi ol möhüm waka, ýagny Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň açylmagy bilen baglanyşyklydyr. 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda, Gahryman Arkadagymyzyň prezidentlik eden döwürlerinde, Türkmeinstanyň Gündogara energiýa üpjünçiliginiň giňeldilmeginde möhüm ädim bolan gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça gerimli taslama tamamlandy. Bu waka türkmen gazynyň Hytaýa eksport edilmeginiň başlangyjy bolmak bilen, ýurduň energetika syýasatynyň möhüm alamatyna öwrüldi.
Türkmenistanyň nebit-gaz senagaty ýurduň ykdysadyýetinde esasy orny eýeleýär. Uglewodorod serişdeleriniň, şol sanda tebigy gazyň baý gorlary, Türkmenistany energetika serişdeleriniň öňdebaryjy dünýä öndürijileriň we üpjün edijileriň hataryna goýýar. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurtda nebit-gaz pudagynyň ösdürilmegi we döwrebaplaşdyrylmagy boýunça giň gerimli tasalamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi dowam etdirilýär.
Nebit-gaz pudagyna uglewodorod serişdeleriniň gazyp alynmagyna, gaýtadan işlenilmegine we geologiýa barlaglaryna jogap berýän “Türkmengaz”, “Türkmennebit” hem-de “Türkmengeologiýa” Döwlet konsernleri girýär. Bu edaralar nebit-gaz pudagynyň ösdürilmeginde, ýurduň dünýä bazarynda ornunyň pugtalandyrylmagyna hem-de köpsanly maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginde möhüm orun tutýar.
Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny aýratyn bellemeli. Bu ýerde halkara bazarlarynda uly isleg bildirilýän benzin, awiasiýa we tehniki nebiti, reaktiw we dizel ýangyjy, ýangyç ýagy, beýleki ýaglar, polipropilen, ýyladyjy ýangyjy, suwaldylan gaz, gurluşyk we ýol bitumy, kükürt ýaly nebitiň gaýtadan işlenilen önümleriň ýüzlerçe görnüşleri öndürilýär. Türkmenbaşynyň bu toplumy diňe bir içerki bazary üpjün etmän, eýsem ählumumy ykdysadyýete işjeň gatnaşýan ýokary tehnologiýa standartlarynyň we kuwwatly senagat binýadynyň nusgasy hasaplanylýar.
Sebäbi türkmen energetika syýasatynyň esasy ugry milli ykdysadyýetiň halkara energetika ulgamyna goşulyşmagy bolup durýar. Täze gaz geçirijileriň gurulmagy, tebigy gazyň gaýtadan işlenilmeginiň ösdürilmegi, şeýle hem bar bolan toplumlaryň döwrebaplaşdyrylmagy Türkmenistany uglewodorodlaryň dünýä bazarynda möhüm gatnaşyja öwrüýärler.
Şu günki gün Türkmeinstanyň nebit-gaz pudagy çalt depginde ösdürilýän döwri başdan geçirýär. Bu bolsa diňe bir infratsrukturanyň ösüşi we ugledoworod serişdeleriniň gazylyp alynmagynyň we gaýtadan işlenilmeginiň möçberiniň ösdürilmegi bilen däl, eýsem üpjün etmegiň geografiýasynyň giňeldilmegi bilen baglanyşykly bolup durýar. Türkmenistan öňdebaryjy halkara nebit-gaz kompaniýalary, şeýle hem maliýe institutlary bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar, bu bolsa pudagyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin täze mümkinçilikleri açyp berýär.
Türkmenistanyň energetika syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hem içerki bazaryň zerurlyklaryny, hem dünýäde energiýa serişdelerine bolan islegi göz öňünde tutýan energetika hopwsuzlygyň täze arhitekturasynyň döredilmegidir. Ýurtda gaz-himiýa pudagynyň ösdürilmegine hem-de täze häzirki zaman gaz-himiýa toplumlarynyň gurulmagyna döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär, bu bolsa gazyň halkara bazarlarda isleg bildirilýän önüme gaýtadan işlenilmegine hem-de täze iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilik berýär.
Nebit-gaz senagatynyň we geologiýa işgärleriniň güni bu Türkmenistanyň energetika pudagynyň öňünde duran adamlaryň zähmet baýramçylygydyr. Baýramçylyk güni öz tagallalary bilen ýurduň durnukly energetika kuwwatyny we ertirki güne bolan ynamyny üpjün edýän adamlaryň ýeten üstünlikleri aýratyn tapawutlanylýar. Nebit-gaz pudagynyň işgärleri ykdysadyýetiň möhüm bölegi bolmak bilen, ýurduň energetika infrastrukturasynyň durnukly ösüşiniň girewi bolup durýar.
Nebit-gaz we geologiýa pudagynyň işgärleriniň hünär baýramçylygy bu gazanylan netijelere bolan begenjiň we bu möhüm pudakda zähmet çekýän işgälere bolan minnetdarlyk günüdir. Türkmenistanyň nebit-gaz senagatynyň we geologiýa işgärleriniň güni ýakynda döredilen hem bolsa, ýurduň energetika ulgamyndaky ýokary gazananlary barada şaýatlyk edýän milli däbiň aýrylmaz bölegine öwrüldi.
Türkmenistanda nebit-gaz senagatynyň we geologiýa işgärleriniň güni bu öz ýurdunyň we tutuş dünýäniň bähbidine gündelik zähmet çekýän işgärlere bildirilýän hormatyň we sarpanyň nyşanydyr. Pudagyň işgärleriniň ýadawsyz zähmetiniň netijesinde Türkmenistan dünýä energetika bazarynda öz ornuny berkitmäge we ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde täze üstünlikleri gazanmaga dowam edýär.
Şeýle hem, “Galkynyş” gaz käninde gazyň täze senagat ähmiýetli akymy alyndy; Türkmenistanda nebit senagatynyň millileşdirilmegi: özgerişden dikeldişe çenli okaň
