7-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri hanym Mariam Kwriwişwilini kabul etdi. Myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, ikitaraplaýyn gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini belledi hem-de Gruziýanyň Prezidentiniň we Premýer-ministriniň Türkmenistanyň Prezidentine şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany Mariam Kwriwişwiliniň gatnaşmagynda geçirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýetini nygtady hem-de onuň netijeleriniň söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek ugrundaky bilelikdäki tagallalaryň birleşdirilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Türkmenistanyň Gruziýa bilen däp bolan deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan konstruktiw dialogy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigi bellenildi.
Söhbetdeşler döwletara hyzmatdaşlygynyň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl-de, eýsem abraýly düzümleriň, ilkinji nobatda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hem üstünlikli ösdürilýändigini tassykladylar. Bu bolsa halkara meýdançalarynda öňe sürülýän başlangyçlara özara goldaw bermek tejribesi munuň aýdyň mysalydyr. Energetika, senagat we saglygy goraýyş ulgamlarynda gazanylan oňyn netijeler söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi.
Strategik taýdan möhüm ugurlaryň hatarynda ulag-logistika ulgamy aýratyn bellenildi. Türkmenistanyň Baştutany halkara ulag geçelgeleriniň üpjünçilik ulgamlaryny yzygiderli giňeldilmeginiň we ýurduň amatly geografik ýerleşişiniň Aziýa döwletlerini Gara deňiz sebiti we Ýewropa bilen birleşdirmek üçin amatly şertleri döredýändigini belledi. Bu nukdaýnazardan, Prezident Serdar Berdimuhamedow «Hazar deňzi – Gara deňiz», «Lapis Lazuli» we «Ýaşyl port» ýaly giň gerimli taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň we ösdürmegiň aýratyn ähmiýetini nygtady.
Ykdysady meseleler bilen bir hatarda, söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmekde, halklary ýakynlaşdyrmakda we medeniýetleriň özara baýlaşmagynda medeni-ynsanperwer dialogyň ähmiýetini nygtadylar. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine konstruktiw döwletara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de giňeldiljekdigine we berkidiljekdigine berk ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
