Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy täsirli ösüş depginini dowam etdirýär. Ýurduň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň täze hasabatyna görä, 2026-njy ýylyň ilkinji üç aýynda pudak täze taryhy sepgitlere ýetip, dünýäniň öňdebaryjy syýahatçylyk merkezleriniň biri hökmündäki ornuny ýene bir gezek tassyklady.
Resmi statistika görä, ýylyň birinji çärýeginde daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 4,2% ýokarlanyp, 9,2 million adama ýetdi. Pudagyň umumy girdejisi hem şol derejede ösüp, 9,9 milliard amerikan dollaryny düzdi. Dünýäde dowam edýän geosyýasy durnuksyzlyga garamazdan, Türkiýäniň syýahatçylyk modeli ýokary çeýeligi we durnuklylygy görkezdi.

Möhüm üstünlikleriň biri hökmünde, bir syýahatçynyň bir gijelik ortaça çykdajysynyň artandygy boldy. 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde bu görkeziji 102 amerikan dollaryna ýetdi. Bu bolsa öňki ýyllaryň maglumatlaryndan ep-esli ýokarydyr (2025-nji ýylda 99 dollar, 2017-nji ýylda bolsa bary-ýogy 68 dollar). Şeýle ösüş döwlet tarapyndan alnyp barylýan syýahatçylyk pudagyny ýokary girdejili ugra gönükdirmek strategiýasynyň gönüden-göni netijesidir.
Ýylyň başynda syýahatçylaryň esasy akymyny Germaniýa, Russiýa we Bolgariýa üpjün etdi. Bu ýurtlardan degişlilikde 678 müň, 651 müň we 539 müň syýahatçy geldi.

Ýurduň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna Stambul şäherinde geçiriljek UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň finaly ýaly iri halkara çäreler hem ýardam berýär. Mundan başga-da, “Formula-1” ýaryşlarynyň 2027-nji ýylda ýene-de senenama gaýdyp gelmegi baradaky meýilnamalar eýýäm häzirki wagtda syýahatçylyk akymlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam edýär. Häzirki wagtda degişli ministrlik her bir sebit üçin aýratyn hereket meýilnamalaryny durmuşa geçirip, häzirki zaman syýahatçylarynyň isleglerine operatiw jogap berýär.

ORIENT
