Duşenbe güni Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň paýtagtynda 24-nji Phenýan halkara ýazky söwda ýarmarkasy açyldy. Giň gerimli çärä ýerli we daşary ýurt kompaniýalarynyň 290-dan gowragy gatnaşýar. Anna gününe çenli dowam etjek ýarmarka umumy ösüş we abadançylyk şygary astynda geçirilýär. Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň arasynda Russiýadan, Hytaýdan we beýleki döwletlerden gelen kompaniýalar bar.
Sergidäki 290 stendde önümleriň 1700-den gowrak görnüşi görkezilýär. Görkezilýän önümler durmuş elektronikasyndan başlap, agyr maşyn gurluşygy we metal işläp bejermek pudaklaryna çenli dürli ugurlary öz içine alýar. Ýarmarka gelýänler diňe bir senagat gazananlary bilen tanyşman, eýsem giň sarp ediş harytlaryny hem satyn alyp bilýärler.
Sergi meýdançasyndan başga-da, maksatnama ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine bagyşlanan brifingler we pudaklaýyn seminarlar girizildi. Phenýan halkara söwda ýarmarkasy KHDR-daky iň iri sergi meýdançasy bolup, adatça ýylda iki gezek — ýazda we güýzde geçirilýär.
ORIENT
