2026-njy ýylyň 25–28-nji noýabry aralygynda Stambul şäherindäki IFM sergiler merkezinde 12-nji Bütindünýä Halal Expo halal önümleri sammiti we halkara sergisi geçiriler. Çäre söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak hem-de täze hyzmatdaşlary tapmak maksady bilen, Ýewropadan, Aziýadan, Ýakyn Gündogardan we Afrikadan bazaryň öňdebaryjy wekillerini jemlär.
Halal Expo sergisi diňe azyk senagaty bilen çäklenmän, häzirki zaman durmuşynyň dürli ugurlaryny öz içine alýar. Sergide kosmetika, şahsy arassaçylyk serişdeleri, «sada moda» görnüşindäki dokma önümleri bilen bir hatarda gaplama we azyk önümçiligi boýunça öňdebaryjy tehnologiýalar hem görkeziler.
Hyzmatlar pudagyna aýratyn üns berilýär. Munuň çäginde halal syýahatçylygy, yslam maliýesi we logistika ulgamy bilen birlikde tebigy, organik hem-de wegan önümler ýaly ekologiýa ugurly trendler üçin aýratyn tematiki zolaklar dörediler.
Çäräniň esasy artykmaçlygy halkara bazarlaryna göni çykalga döretmegidir. Sammitiň dowamynda giň gerimli B2B duşuşyklar maksatnamasy hem-de «çagyrylan alyjylar» ulgamy işe giriziler. Bu gatnaşyjylara iri import edijiler, distribýutorlar we söwda torlarynyň wekilleri bilen öňünden meýilleşdirilen gepleşikleri geçirmäge mümkinçilik döredip, eksport şertnamalaryny baglaşmak üçin hakyky mümkinçilikleri açar.
Sergi barada giňişleýin maglumat: helalexpo.com.tr
ORIENT
