Iki ministriň Pekindäki duşuşygy. Umumy garaýyş: Harby hereketler gaýtadan başlanmaly däl. Eýran Hytaýa ynanýar. Hytaý Eýrany goldaýar.
Çarşenbe güni Pekinde Hytaýyň daşary işler ministri, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy Wan I Eýranyň daşary işler ministri Seýed Abbas Aragçi bilen gepleşikleri geçirdi. Esasy mowzuklar — Ormuz bogazy, ýadro ylalaşygy, harby hereketleri bes etmek we Ýakyn Gündogaryň geljegi.
Hytaý haýal etmän we doly derejede harby hereketleri bes etmäge çagyrýar, gapma-garşylygyň täzeden başlanmagyna garşy çykyş edýär hem-de Eýrandaky ýagdaý boýunça gepleşikleriň aýratyn möhüm ähmiýete eýedigini nygtaýar. Bu barada şu gün, 6-njy maýda Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Wan I mälim etdi.
Wan I bu beýanaty Pekinde Eýranyň daşary işler ministri Abbas Aragçi bilen geçiren gepleşiginiň dowamynda aýtdy. Halkara jemgyýetçiliginiň Ormuz bogazynda kadaly we howpsuz gämi gatnawyny dikeltmek baradaky umumy aladasyny belläp, Wan I degişli taraplary ähliumumy çagyryşa mümkin gysga wagtda gulak asmaga çagyrdy.
Eýranyň daşary işler ministri Wan Iýe Eýran bilen ABŞ-nyň arasyndaky gepleşikleriň dowamynda gazanylan soňky netijeler we Eýranyň geljekki ädimler baradaky garaýyşlary barada maglumat berdi we hemmetaraplaýyn hem-de uzak möhletleýin çözgüde ýetmek üçin parahatçylykly gepleşikler arkaly ylalaşyk gözlemegini dowam etdirjekdigini mälim etdi.
Abbas Aragçi häzirki wagtda Ormuz bogazynyň açylmagy baradaky meseläniň degişli tertipde we mümkin boldugyça çalt çözülmelidigini nygtady.
Onuň sözlerine görä, Eýran Hytaýyň Ýakyn Gündogarda parahatçylygy we durnuklylygy ýola goýmak baradaky dört bentden ybarat teklibine ýokary baha berýär we ony goldaýar. Şeýle hem ol ýagdaýyň ýaramazlaşmagynyň we onuň ýaýradylmagynyň öňüni almakda görkezýän yzygiderli tagallalary hem-de konstruktiw çemeleşmesi üçin Hytaýa minnetdarlyk bildirdi.
Ol Eýranyň Hytaýa ynanýandygyny we Hytaýyň parahatçylygy ýola goýmakda hem-de harby hereketleri bes etmekde mundan beýläk-de işjeň orun eýelejekdigine umyt edýändigini belläp sözüniň üstüniň üstüni ýetirdi. Abbas Aragçiniň belleýşi ýaly, Eýran ösüş bilen howpsuzlygyň arasyndaky deňagramlylygy üpjün edip biljek sebit arhitekturasynyň döredilmegini hem goldaýar.
Eýran bilen Hytaýyň arasyndaky hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada durup geçmek bilen, Abbas Aragçi Eýranyň “bir Hytaý” ýörelgesine üýtgewsiz eýerýändigini we Hytaýy özüniň esasy bähbitlerini goramakda goldaýandygyny mälim etdi. Şeýle hem ol köptaraply işlerde hytaý tarapy bilen aragatnaşygy we hereketleriň utgaşdyrylmagyny berkitmäge hem-de iki ýurduň arasyndaky hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli çuňlaşdyrmaga taýýardygyny aýtdy. Wan I harby hereketler başlan pursadyndan bäri, Hytaýyň yzygiderli we işjeň suratda ýaraşyga hem-de parahatçylykly gepleşikleri geçirmäge çagyrýandygyny nygtady. Häzirki wagtda sebitdäki ýagdaýyň gapma-garşylygy bes etmek mümkinçiligi nukdaýnazaryndan esasy pursatdadygyny belläp, Hytaýyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy öz ýurdunyň Eýranyň milli özygtyýarlylygyny we howpsuzlygyny goramak ugrundaky maksatlaryny goldaýandygyny, şeýle hem Eýranyň diplomatik ýollar arkaly syýasy çözgüt gözlemäge taýýarlygyna ýokary baha berýändigini aýtdy.
Wan I Hytaýyň Eýranyň ýadro ýaragyny öndürmezlik baradaky wadasyny makullaýandygyny we Eýranyň ýadro energiýasyny parahatçylykly maksatlar üçin ulanmaga bolan kanuny hukugyny tassyklaýandygyny mälim etdi.
Hytaý Eýrany we Pars aýlagynyň beýleki ýurtlaryny dialoga hem-de hoşniýetli goşunçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge çagyrýar, şeýle hem sebit ýurtlarynyň bilelikde gatnaşmaga, umumy bähbitleri goramaga we umumy ösüşe ýetmäge esaslanýan parahatçylyk we howpsuzlyk arhitekturasyny döretmegini goldaýar diýip, Wan I belledi.
Ol Hytaýyň ozalkasy ýaly dartgynlylygy gowşatmak we harby hereketleri bes etmek ugruna ygrarlydygyny, şeýle hem parahatçylykly gepleşikleriň başlanmagyna ýardam bermegini dowam etdirjekdigini we Ýakyn Gündogarda parahatçylygy hem-de asudalygy dikeltmekde has işjeň orun eýelejekdigini belledi.
Iki taraplaýyn gatnaşyklar barada durup geçmek bilen, Wan I Hytaýyň Eýranyň ygtybarly strategik hyzmatdaşydygyny aýtdy. Şeýle hem hytaý tarapynyň eýran tarapy bilen bilelikde syýasy özara ynamy berkitmäge we çuňlaşdyrmaga, ýokary derejedäki gatnaşyklary goldamaga hem-de işjeňleşdirmäge, dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we Hytaý bilen Eýranyň arasyndaky hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegi dowam etdirmäge taýýardygyny mälim etdi.