Işiň takyklygy 2 millimetre deň boldy, bu bolsa Aziýada sebitara gaz üpjünçilik merkeziniň döredilmegini çaltlandyrar.
“CCTV+” habarlar gullugynyň berýän maglumatyna görä, sişenbe güni “PipeChina” kompaniýasy Haýnan adasyndaky täze suwuklandyrylan tebigy gaz rezerwuarynyň depesine agramy 821 tonna bolan ägirt uly gümmeziň üstünlikli ýerleşdirilendigini habar berdi. Bu işler Dançžou şäherindäki “Hainan LNG” terminalynyň ikinji tapgyrynyň giňeldilmegi boýunça taslamanyň çäginde amala aşyryldy.
Gümmezi takmynan 43 metr beýiklige (15 gatly bina barabar) galdyrmak üçin kranlaryň ýerine, gözegçilik edilýän howa akymyna esaslanýan pnewmatik galdyryş tehnologiýasy ulanyldy. Inženerler işi yzarlamak we gümmeziň kämil derejede deňleşdirilmegini üpjün etmek üçin hakyky wagt tertibindäki sanly gözegçilik ulgamlaryndan peýdalandylar.
“PipeChina” kompaniýasynyň Haýnandaky suwuklandyrylan tebigy gaz taslamasynyň ýolbaşçysy Wan Niniň bellemegine görä, gümmez bilen gysyjy halkanyň arasyndaky gyşarma tapawudyny 2 millimetr çäginde saklamak başartdy. “Üstünlikli amala aşyrylan bu amalyýet geljekki rezerwuarlaryň gurluşygy üçin “çaltlandyryş kanalyny” açýar hem-de Haýnan erkin söwda portunyň ASEAN ýurtlary üçin sebitara suwuklandyrylan tebigy gaz üpjünçilik merkezine we Aziýa-Ýuwaş umman sebiti üçin ammarlar hem-de ýük daşaýyş merkezine öwrülmegi üçin esas döredýär” diýip, ol aýtdy.
Terminalyň birinji tapgyry hersiniň göwrümi 160 000 kub metr bolan iki sany rezerwuary öz içine alýar. Ikinji tapgyr bolsa, hersi 220 000 kub metrlik üç sany rezerwuar goşýar. Taslamanyň umumy taýýarlygy 50 göterime golaý ýetdi, onuň 2027-nji ýylda tamamlanmagyna garaşylýar.
Desga ulanmaga berleninden soň, gaz saklanylýan ýerleriň göwrümini 400 million kub metr artdyrar. Bu bolsa iň ýokary agramlylyk döwürlerini sazlamaga bolan mümkinçilikleri iki esse artdyryp, adatdan daşary ýagdaýlara garşy hereket ediş ulgamyny berkider hem-de Haýnan welaýaty we Hytaýyň günorta kenarýaka sebitleri üçin üpjünçiligiň durnuklylygyny üpjün eder.