
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» atly halkara bäsleşige gatnaşmaga çagyrýar. Çäre Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna hem-de Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanýar.
Bäsleşik türkmen, rus we iňlis dillerinde iki tapgyrda geçiriler. Gatnaşyjylar (ýekelikde ýa-da jübüt bolup) aşakdaky alty ugur boýunça öz taslamalaryny hödürläp bilerler:
Açlygy ýok etmek;
Arassa suw we arassaçylyk;
Elýeterli we arassa energiýa;
Howanyň üýtgemegine garşy göreş;
Deňiz ekologik ulgamyny gorap saklamak;
Gury ýer ekologik ulgamyny gorap saklamak.
Gatnaşmagyň möhletleri we tertibi
Birinji tapgyra gatnaşmak üçin 10-njy maýa çenli ylmy işi guramaçylyk toparynyň elektron salgysyna ibermeli: science.tm2024@gmail.com. Jemleýji tapgyra geçen iň gowy taslamalaryň sanawy 20-nji maýda uniwersitetiň resmi web-saýtynda çap ediler.
Ikinji tapgyr 1–5-nji iýun aralygynda onlaýn görnüşde geçiriler. Jemleýji tapgyra çykanlar öz taslamalaryny bilermenler toparyna hödürlärler. Eminler işleri täzeçillik we ylmylyk, durmuşa ornaşyrmagyň mümkinçilikleri we önümçilik ähmiýeti boýunça bahalandyrarlar.
Ýeňijiler I, II we III derejeli diplomlar, şeýle hem S. A. Nyýazow adyndaky TOHU tarapyndan taýýarlanan ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanarlar. Işleriň resmileşdiriliş talaplary barada giňişleýin maglumaty tohu.edu.tm web-saýtynyň «Halkara bäsleşik — 2026» bölüminde tapyp bolýar.
ORIENT