Almaty resmi taýdan dünýä tehnologiýa gün tertibiniň merkezine öwrüldi. Iň uly forumlaryň biri bolan GITEX AI Kazakhstan 2026 çäklerinde esasy wakalaryň biri emeli aň boýunça dünýä derejesindäki bilermen Kaý-Fu Liniň çykyşy boldy. Meşhur futurolog we maýadar Gazagystanyň ýokary derejeli ýolbaşçylary we döwlet dolandyryjylary üçin “AI Class” atly ýapyk okuwy geçirdi.

Ykdysadyýetiň hereketlendirijisi hökmünde emeli aň
Kaý-Fu Li, ýakynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky emeli aňy ösdürmek boýunça geňeşiň düzümine girip, emeli aňyň ykdysady prosesleri düýpli tizleşdirip biljekdigini we tehnologiýalaryň bahasyny onlarça esse arzanladyp biljekdigini belledi. Çykyşynda aýratyn üns awtonom AI-kömekçilerine — adam gatnaşygyny talap etmezden özbaşdak meýilleşdirip we çözgüt kabul edip bilýän ulgamlara berildi.

Sebitiň tehnologik öňdebaryjylygy
Forumyň sergi meýdançasynda 300-den gowrak kompaniýa öz çözgütlerini hödürledi, olaryň arasynda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary — Huawei, Google Cloud, Cisco we Dell bar. Gazagystan çalt ösüş görkezýär: ýurduň tehnologiýa ekoulgamynyň göwrümi 26 milliard ABŞ dollaryna ýetdi, AI pudagyna gönükdirilen wençur maýa goýumlary soňky iki ýylda bäş esse artdy.

Işewürlik we döwlet üçin täze mümkinçilikler
Kaý-Fu Liniň çykyşyndan başga-da, forum sebitde sanly mümkinçilikleri ösdürmek boýunça amaly ylalaşyklaryň baglaşylan meýdançasyna öwrüldi. Emeli aň we sanly ösüş ministrligi 200 MW kuwwatly maglumatlary işläp taýýarlamak merkezleriniň (Data center) uly kampusyny gurmak meýilnamasyny yglan etdi. Şeýle infrastruktura üçin aýratyn elektrik stansiýasyny döretmek göz öňünde tutulýar, bu bolsa Gazagystana uly hasaplaýyş kuwwatlaryny üpjün etmek we dünýä tehnologiýa kompaniýalaryny çekmek üçin möhüm ädim bolar.

Çaklamalar we ugurlar
Forumyň bilermenleri ýönekeý dialog ulgamlaryndan “özbaşdak tehnologiýalara” geçişi aýratyn belläp geçdiler. Aňy döwlet ulgamlaryna, senagata we maliýe ulgamyna ornaşdyrmak arkaly kararlar hakyky wagt tertibinde kabul ediler, bu bolsa ykdysadyýeti has öňünden hereket edýän we durnukly eder.
ORIENT
