30-njy aprelde Duşanbe şäherinde sebitiň öňdebaryjy bilermenlerini we diplomatlaryny bir ýere jemlän Merkezi Aziýa howpsuzlyk forumy geçirildi. Forumyň konsepsiýasy sebitiň howpsuzlygynyň şu günki günde diňe bir harby howplaryň ýoklugy däl-de, eýsem ulag geçelgelerinden başlap, howa durnuklylygyna çenli bolan özara baglanyşyklaryň çylşyrymly ulgamydygyny nygtaýar.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň öňdebaryjy seljeriş merkezleriniň we ylmy-barlag institutlarynyň wekilleri, sebit ýurtlarynyň ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri hem-de garaşsyz bilermenler «daşarky güýçleriň bäsleşigi we hyzmatdaşlygy» şertlerinde Merkezi Aziýanyň strategik mümkinçiliklerini seljermäge üns berdiler. Türkmenistanyň wekilleri forumyň dört sessiýasynyň ählisinde çykyş edip, meseleleriň doly toplumyny: sebitiň syýasy kartasyndan başlap, ulag howpsuzlygyna we ykdysady hyzmatdaşlyga çenli meseleleri öz içine aldylar.

Ählumumy dünýäniň özgermegi we halkara kadalarynyň gowşamagy şertlerinde, Türkmenistanyň wekiliýeti howpsuzlyk arhitekturasynyň toplumlaýyn görnüşini hödürledi. Onuň esasynda diňe bir wehimleriň öňüni almak däl-de, eýsem öňüni alyş döredijilik we durnukly ösüş strategiýasy durýar. Türkmenistanyň «Işjeň daşary syýasaty» we bitaraplyk derejesi ählumumy oýunçylar bilen sebit bähbitleriniň arasynda deňagramlylygy gözlemäge ýardam edýär.
Töwekgelçilikleri dolandyrmakdan mümkinçilikleri dolandyrmaga tarap
Forumyň sebit içindäki töwekgelçilikleriň özboluşlylygyna bagly birinji sessiýasynda çykyş eden Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň direktory Şiri Şiriýew sebit garaýşyny mälim etdi.

Onuň pikirine görä, Merkezi Aziýa diňe bir wehimlere garşy çäre görmek tapgyryndan eýýäm ösüp geçdi. Häzirki zaman töwekgelçilikleri, suwdan peýdalanmak meseleleri bolsun ýa-da demografiýa, türkmen doktrinasynda olar gapma-garşylyk üçin sebäp hökmünde däl-de, döwletara ynamy berkitmek üçin «ösüş nokatlary» hökmünde seredilýär.
Bu özgerişiň esasy guraly hökmünde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy çykyş edýär. Hasabatda bitaraplyk derejesiniň özüňi çetde saklamak syýasaty däl-de, eýsem sebit ýurtlaryna umumy wezipeleri aýdyňlyk ýagdaýynda bilelikde dolandyrmaga mümkinçilik berýän konstruktiw dialog üçin işjeň meýdançadygyny nygtaldy.

Sebitara wektor we ykdysady galkan
Türkmen wekiliýetiniň agzasy Babajan Nurjanow sebitara wehimlere bagyşlanan ikinji sessiýadaky çykyşynda, daşarky serhetleri goramak we terrorçylyga garşy durmak meseleleri boýunça garaýyşlary hödürläp, ählumumylaşma döwründe Merkezi Aziýanyň dünýä syýasatynyň işjeň subýektine öwrülendigine ünsi çekdi.
Türkmenistan sebit howpsuzlygyna umumy jogapkärçilik hökmünde garaýar. Bu ulgamda kiberhowplaryndan başlap, howanyň üýtgemelerine çenli bolan daşarky çagyryşlar diňe bir güýç ulanmak arkaly däl-de, eýsem çuňňur geoykdysady çözgütleri talap edýär.

Bu strategiýada Owganystan aýratyn orun eýeleýär. Aşgabadyň garaýşy üýtgewsizligine galýar: owgan meselesiniň harby çözgüdi ýokdur. TOPH gaz geçirijisi, demir ýollar we elektrik geçiriji ulgamlary ýaly mega-taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň Owganystany howplaryň çeşmesinden umumy mümkinçilikleriň giňişligine öwürmäge goşan amaly goşandydyr.

Infrastruktura baglanyşygy durnuklylygyň şerti hökmünde
Howpsuzlygyň ykdysady esaslaryny Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň Strategik barlaglar boýunça merkeziniň uly ylmy işgäri Bekdurdy Amansaryýew giňişleýin seljerdi. Ykdysady we ulag howpsuzlygy boýunça geçirilen üçünji sessiýanyň dowamynda ol ykdysady hyzmatdaşlyk we üstaşyr geçiriş boýunça taslamalaryny durmuşa geçirmek baradaky täze meýilleri kesgitledi. Bilermen sebitiň häzirki zaman howpsuzlyk arhitekturasynyň infrastrukturanyň hili we ykdysadyýetleriň özara baglanyşyk derejesi bilen kesgitlenýändigi baradaky pikiri öňe sürdi.
Ulag-üstaşyr ulgamy türkmen modelinde «oňyn özara baglylyk» faktory hökmünde çykyş edýär. Ýewraziýa geçelgeleriniň we ulag merkezleriniň ösdürilmegi sebitiň daşarky sarsgynlara garşy kuwwatyny ýokarlandyryp, uzak möhletleýin durnuklylygy kemala getirýär.

Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Bitaraplygy dünýäniň güýç merkezleriniň bähbitlerini deňagramlaşdyrmak we giň gerimli maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin ygtybarly meýdança bolup hyzmat edýär.
Geljegiň keşbi: «Dialog — parahatçylygyň kepili»
Merkezi Aziýanyň ýakyn geljekdäki mümkin bolan wehimlerine we strategik mümkinçiliklerine bagyşlanan dördünji sessiýada Türkmenistanyň DIM-niň Halkara ykdysady hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy Atageldi Haljanow kärdeşlerini sebitiň subýektligini doly berkitmek üçin häzirki « mümkinçilikleriň taryhy penjiresinden» peýdalanmaga çagyrdy.

Onuň hasabatynyň esasy ýüzlenmesi — islendik gapma-garşylyklaryň entek ýaňy döreýän tapgyrynda professional diplomatiýasynyň gurallary arkaly aradan aýrylmagyny üpjün edýän berk sebit gatnaşyklaryny döretmek zerurlygyndan ybaratdyr. «Dialog — parahatçylygyň kepili» filosofiýasy Merkezi Aziýanyň diňe bir bäsdeşlik meýdançasy däl-de, eýsem Gündogaryň, Günbataryň, Demirgazygyň we Günortanyň bähbitleriniň umumy nokatlaryny tapýan täze görnüşli «yklymara köprä» öwrülmelidigini göz öňünde tutýar.

Foruma gatnaşmagyň netijelerine baha berip, bilermenler şeýle bir pikire geldiler: Merkezi Aziýanyň howpsuzlygy daşarky şert däl-de, eýsem gündelik döredijilikli zähmetiň netijesidir. Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen «ösüş arkaly parahatçylyk» modeli sebit üçin halklaryň paýhasyna we döwletleriň özygtyýarly deňligine esaslanýan uzak möhletleýin abadançylyga barýan ýoly açýar.
