Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we Günbatar Londonyň Söwda-senagat edarasy (West London Chambers of Commerce) bilen bilelikde Beýik Britaniýada geçiriljek çäräniň işewür wekiýetiýetiniň düzümini düzýändigini habar berýär. Saparyň 2026-njy ýylyň 9–16-njy maýy aralygynda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär we ol B2B formatyndaky işewürlik duşuşyklarynyň tapgyryny öz içine alýar. Çäräni Günbatar Londonyň Söwda-senagat edarasy we “TurkmenExpo” kompaniýasy bilelikde gurnaýarlar.
Mümkin bolan britan hyzmatdaşlaryny saýlap almak işi Londonyň 2 300-den gowrak kompaniýasyny birleşdirýän iň iri işewürlik assosiasiýalarynyň biri bolan Günbatar Londonyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.
Gatnaşmaga isleg bildirýän türkmen kärhanalarynyň ýolbaşçylary uktour.turkmenexpo.com. saýtynda hasaba durup bilerler.
Ileri tutulýan pudaklar: tekstil, oba hojalygy, gurluşyk, bilim, syýahatçylyk.
Has giňişleýin maglumat almak üçin aşakdaky belgilere ýüz tutup bilersiňiz:
Tel: +993 71871814
Web-saýt: uktour.turkmenexpo.com
Email: trademission@turkmenexpo.com
