Şu gün, 24-nji aprelde, Belarusda giň gerimli medeni çäre — “BiblioNight-2026” geçiriler. Takmynan 150 kitaphana esasy iş wagty tamamlanandan soň başlanjak ýörite maksatnamalary taýýarlady. Okalýan zallar ylmy tomaşalar, ussatlyk sapaklary we döredijilik duşuşyklary bilen interaktiw merkezlere öwrüler.
Bu ýyl çäre birnäçe möhüm senelere bagyşlanýar, şol sanda adamyň ilkinji gezek kosmosa uçmagynyň 65 ýyllygyna. Şeýle-de maksatnama ýurtda yglan edilen Zenanlar ýylyny goldaýar, ol häzirki jemgyýetiň ösüşinde zenanlaryň ornuny ykrar etmäge we maşgala gymmatlyklaryny goramaga gönükdirilendir.
Esasy wakalaryň merkezi däp boýunça Minsk şäherindäki Milli kitaphana bolar. Çäre sagat 19:00-da dabaraly açylyş bilen başlar. “Manylar giňişligi” diýen şygar astynda myhmanlara onlarça meýdança hödürlenýär: küşt ýaryşlaryndan başlap “Mafiýa” oýnuna, hünärmenleriň maslahatlaryna we ýazyjylar bilen duşuşyklara çenli.
“Edebi aşhana” meýdançasynda täze başlaýan awtorlar öz kitaplaryny nädip neşir etdirmelidigini öwrenip bilerler. Stil we sözleýiş sungaty bilen gyzyklanýanlar üçin bolsa “Zenanlar giňişligi” meýdançasy işleýär — ol ýerde moda görkezmeleri we belli diktorlar tarapyndan sözleýiş tehnikasy boýunça sapaklar bolar.
Gijäniň iň täsirli wakalarynyň biri ýyldyzlary synlamak bolar. Milli kitaphananyň 23-nji gatynda myhmanlar açyk synlaýyş meýdançasyndan teleskop arkaly ýyldyzlara seredip bilerler, şol bir wagtda janly saz eşidiler.
“BiblioNight” häzirki zaman kitaphanalaryň ýaşlar we maşgalalar üçin özüne çekiji merkezlere öwrülýändiginiň ajaýyp mysalydyr. Okajylar diňe bir kitap täzelikleri bilen tanyşmak bilen çäklenmän, eýsem adaty däl, interaktiw gurşawda mugt täze bilimleri we başarnyklary hem alyp bilýärler.
ORIENT
