Aşgabat sebitiň iň myhmansöýer merkezleriniň biri hökmündäki derejesini nobatdaky gezek tassyklady. 14-nji aprelde paýtagtymyzda 70-den gowrak kompaniýany bir meýdançada jemlän «Turkmentravel – 2026» halkara forumy öz işine başlady. Özbegistandan, Belarusdan, Taýlanddan we hatda Ugandadan gelen syýahatçylyk operatorlar, myhmanhana eýeleri we bilermenler dünýä syýahatçylyk bazarynda ösüşiň täze ugurlaryny kesgitlemek üçin bu ýere ýygnandylar.
Forumyň ekspozisiýasy hakyky syýahaty ýatladýar. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň pawilýony Goňurdepe we Köne Nusay artefaktlaryny Arkadag şäheriniň şekilleri bilen utgaşdyrýar. Daşary ýurtly wekiller monitorlaryň öňünde uzak wagtlap durýarlar: Köýtendagyň we Hazaryň kenarýakasynyň görnüşleri sebitdäki ilkinji «akylly» şäher gurşawynyň wideo şekilleri bilen gezekleşýär. Arkadag şäheri eýýäm özüniň binagärlik görnüşi we tehnologiýa taýdan ösenligi bilen daşary ýurtly myhmanlary haýran galdyryp, olaryň ugur sanawlarynda hökman baryp gşrmeli nokada öwrüldi.

Serginiň meýdançalaryndaky atmosfera diňe bir gepleşikler däl, eýsem bagşylaryň janly sazy bilen hem baýlaşdyrylýar. BAE-den we Türkiýeden gelen awia pudagy boýunça kärhanalarynyň ýokary tehnologik diwarlyklarynyň ýanynda senetçileriň ussahanalary ýerleşipdir. Bu ýerde ajaýyp halylar we nepis keşdeler türkmen aşhanasynyň tagamlary taýýarlanan zolagy bilen bile goýlupdyr. Bu zolakda, adatça bolşy ýaly, daşary ýurtly bilermenleriň uly nobatlary döreýär.

Forumyň işewürlik bölegi gutlaglardan anyk meselelere çalt geçdi. Şu günki günde Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynda 300-e golaý hususy kompaniýa işjeň işleýär. Ýurduň dünýä ulgamlaryna goşulmagyny çekişmeleriň möhüm ugruna öwrüldi: Aşgabadyň yzy bilen Mary, Türkmenabat, Köneürgenç we «Awaza» deňiz şypahanasy Bütindünýä syýahatçylyk şäherleriniň federasiýasyna agza bolmaga taýýarlanýarlar.

ÝUNESKO-nyň we BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň wekilleri serhetüsti ugurlaryň mümkinçiliklerini aýratyn bellediler. Beýik Ýüpek ýoly täzeden janlanýar — bu gezek sebitiň ýadygärliklerini bitewi logistiki zynjyra birleşdirýän bilelikdäki turlar görnüşinde.
Forum diňe tanyşdyryş däl-de, ondan has giň gerimli çäreleri öz içine alýar. Gatnaşyjylar üçin maksatnamada «tegelek stollar» we ýerli agentlikler bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda göni şertnamalaryň baglaşylmagy göz öňünde tutulan. Çäräniň iş ýüzündäki ähmiýetini “UN Tourism” guramasynyň pudagy dolandyrmak boýunça geçirjek maslahaty has-da artdyrar, onda türkmen hünärmenleri durnukly ösüşiň tejribelerini öwrenerler.

«Turkmentravel – 2026» uly ylmy-amaly maslahat bilen tamamlanar, emma eýýäm şu gün bir zat aýdyň: syýahatçylyk Türkmenistan üçin diňe bir myhmansöýerlik pudagy däl, eýsem medeni diplomatiýanyň täsirli guralydyr.
