22–24-nji aprel aralygynda Astanada Sebitleýin ekologiýa sammiti geçiriler. Onuň çäklerinde Merkezi Aziýada täzelenýän energetika üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça möhüm panel mejlisi bolar. Çäräni Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin ekologiýa merkezi (CAREC), Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (OSCE) hem-de Germaniýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Jemgyýeti (GIZ) guraýar.
Häzirki wagtda dünýäde täzelenýän energetika pudagy çalt depginde ösýär: 2023-nji ýylda bu pudakda 16 milliondan gowrak adam işleýärdi. Merkezi Aziýa ýurtlary uly ösüş meýilnamalaryny goýýar — gün we ýel energiýasy boýunça 8 GW çenli täze kuwwatlyklary işe girizmek meýilleşdirilýär. Şeýle-de bolsa, pudagyň ösüş depgini bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden öňe geçýär. Tejribeli inženerleriň we tehnikleriň ýetmezçiligi bu meýilnamalaryň öňündäki esasy päsgelçilik bolup durýar.
23-nji aprelde geçiriljek mejlisde gatnaşyjylar ýokary okuw mekdepleriniň okuw meýilnamalaryny bazaryň hakyky talaplaryna laýyk getirmek we talyplaryň amaly taýýarlygyny güýçlendirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar. CAREC-iň ýerine ýetiriji direktory Batyr Mämedow arassa energiýa geçişiniň ilkinji nobatda geljegiň ulgamlaryny taslamaga we hyzmat etmäge ukyply adamlara baglydygyny nygtady. Şeýle hem hususy pudagy hünärmen taýýarlygyna we innowasiýalary ösdürmäge çekmek möhüm ugur bolar.
Duşuşygyň esasy netijeleriniň biri hökmünde Merkezi Aziýanyň tehniki ýokary okuw mekdepleri bilen CAREC-iň arasynda özara düşünişmek baradaky ähtnamalaryň gol çekilmegi bolar. Bu bilelikdäki ylmy barlaglar we akademik alyş-çalyş üçin esas döreder. Çäre ýakyn bir ýarym ýylyň dowamynda amala aşyrylyp bilinjek çözgütleri işläp taýýarlamak üçin meýdança bolar, şeýlelikde energetika howpsuzlygyny berkitmäge we sebitiň howanyň üýtgemegine durnuklylygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder.
ORIENT
Goşmaça okaň:
