Duşenbe güni, 2026-njy ýylyň 6-njy aprelinde dünýä taryhy waka şaýat boldy: soňky 50 ýylyň dowamynda ilkinji gezek adamlar Aýyň ters tarapyny öz gözleri bilen gördüler. Üýtgeşik suratlar Milli aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek müdirligi (NASA) tarapyndan hödürlendi.
Suratlar Artemis II missiýasynyň astronawtlary tarapyndan “Orion” kosmos gämisiniň bortundan düşürildi. NASA-nyň hünärmenleriniň bellemegine görä, bu waka Ýeriň tebigy hemrasy bolan Aýy öwrenmekde täze sahypany açýar we häzirki zaman kosmos tehnikasynyň mümkinçiliklerini görkezýär.
Missiýanyň komandiri Rid Uaýsmen Aýyň ters tarapyndan görünýän görnüşiň täsirli bolandygyny belläp geçdi: «Ýer doly diýen ýaly kölegede, Aý bolsa doly ýagtylandyrylan, muny diňe olaryň arasynda ýerleşip synlamak bolýar». Onuň kärdeşi Jeremi Hansen bolsa şeýle diýdi: «Bu görnüş haýran galdyryjy we täze açyşlara ylham berýär».
Artemis II missiýasy adamzadyň kosmosy öwrenmäge bolan ymtylyşynyň hakyky açyşlara öwrülýändigini ýene-de bir gezek görkezýär. Bu bolsa täze bilimleriň serhetlerini giňeldip, alymlaryň täze neslini uly maksatlara ruhlandyrýar.
ORIENT
