Fransiýanyň Gretz-Armanwilýe şäherinde Türkmenistanyň Ilçihanasy tarapyndan degişli ministrlik bilen bilelikde guralan giň gerimli medeni çäre geçirildi. Çäre «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlandy.
Ilçi Maksat Çaryýew öz gutlag sözünde medeniýetiň halklaryň arasyndaky dostlugyň binýady hökmünde ähmiýetini belläp geçdi hem-de şäheriň ýolbaşçylaryna we «Fransiýa–Türkmenistan» assosiasiýasyna goldawlary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Agşamky maksatnama türkmen halk döredijiliginiň çuň many-mazmunyny açyp görkezýän bagşy-sazandalaryň we aýdym-saz toparlarynyň çykyşlaryny öz içine aldy. Hususan-da, ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilen ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek sungatyna aýratyn üns berildi. Myhmanlar türkmen halkynyň Milli Lideriniň eserleri, şeýle hem haly we amaly-haşam sungatynyň ajaýyp nusgalary görkezilen tematik sergi bilen tanyşdylar.
Çäre milli tagamlaryň hödürlenmegi bilen tamamlanyp, ikitaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ädim boldy.
