Anna güni Hytaýyň Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrligi emeli aň (AI) tehnologiýalarynyň ahlak seljerişi we ulanylyşy boýunça synag häsiýetli esas goýujy düzgünleriň çap edilendigini habar berdi.
Ministrligiň hem-de beýleki 10 döwlet edarasynyň bilelikde işläp taýýarlan bu düzgünleri emeli aňyň ahlak seljerişinde tehnologik innowasiýalary goldamaga we emeli aň bilen baglanyşykly ahlak howplaryň öňüni almak üçin tehniki çäreleriň ulanylyşyny güýçlendirmäge çagyrýar.
Düzgünlerde seljerişiň esasy üns merkeziniň adam abadançylygy, adalatlylyk we dürslük, şeýle hem dolandyrylyp bilinmegi we ygtybarlylyk bolmalydygy nygtalýar.
Şeýle-de onda ekspertiza wagtynda göz öňünde tutulmaly meseleler giňişleýin beýan edilýär. Olaryň arasynda okuw maglumatlaryny saýlamak ölçegleri, algoritmiň oýlanyşygy, model we ulgam taslamasynyň gurluşy, şeýle hem algoritmleriň esassyzlygynyň, diskriminasiýanyň we nädogry ulanylyşynyň öňüni almak çäreleri bar.
Esas goýujy düzgünler emeli aňyň ahlak seljerişi üçin ýokary hilli maglumat toplamlaryna tertipli açyk elýeterliligi üpjün etmäge, howplary dolandyrmak, bahalandyrmak we audit geçirmek boýunça umumy gurallaryň işlenip taýýarlanylmagyny güýçlendirmäge hem-de ulanyş ýagdaýlaryna esaslanýan howp bahalandyrmasyny öwrenmäge çagyrýar.
Mundan başga-da, olar ylmy-tehniki etikanyň talaplaryna laýyk gelýän emeli aň önümlerini we hyzmatlaryny ilerletmegi hem-de emeli aňyň ahlak seljeriş tehnologiýalarynda intellektual eýeçilik hukuklaryny goramagy höweslendirýär.