25-nji martda HBO kompaniýasy täze “Harry Potter” serialynyň mahabatyny hödürledi. Bu mahabat ýazgysynda tomaşaçylar Joan Rouling tarapyndan döredilen meşhur jadyly dünýäniň täzeçe beýanyny ilkinji gezek synlap bildiler.
Britan ýazyjysy eýýäm sosial ulgamlarda mahabat baradaky duýgylaryny paýlaşdy. Onuň aýtmagyna görä, wideo oňa örän ýarady, serialyň özi bolsa ajaýyp bolmaly.
Rouling kitaplarynyň täzeçe beýan edilmegini tomaşaçylara hödürlemäge sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny aýtdy.
HBO-dan serialyň premýerasy dekabr aýynyň ahyryna meýilleşdirildi. Birinji möwsümi sekiz bölümden ybarat bolup, “Filosofik daşyň” hekaýasyny beýan eder.
Filmiň düşürilmegi Beýik Britaniýada eýýäm tamamlanyp barýar, bu bolsa jadyly dünýäniň hil taýdan kämil we jikme-jik işlenilen wizualizasiýasyny görmäge mümkinçilik berer.
Taslamanyň döredijileri hakyky hekaýanyň ruhyny saklap, şol bir wagtyň özünde tomaşaçylara tanyş bolan wakalara we gahrymanlara täzeçe garaýşy wada berýärler.
Siz Hogwartsyň nähili üýtgändigini görmäge taýýarmy?

ORIENT
