30-njy martda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň paýtagty Berlinde ýaz paslynyň, täzelenişiň we sazlaşygyň iň gadymy baýramlarynyň biri bolan Nowruz dabaraly ýagdaýda bellenildi.
Bu çäre Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýakyn hyzmatdaşlygynda guraldy. Baýramçylyk diplomatik korpusyň wekillerini, Germaniýanyň federal ministrlikleriniň we edaralarynyň işgärlerini, şeýle hem Berliniň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny bir ýere jemledi.

Çäräniň dowamynda gatnaşyjy ýurtlaryň milli stendleri hödürlenip, myhmanlar sebitiň baý taryhy mirasy, däp-dessurlary we medeni gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Türkmenistanyň Ilçihanasynyň stendi aýratyn gyzyklanma döretdi, bu ýerde milli medeniýetiň özboluşly aýratynlyklary görkezildi.
Myhmanlar türkmen milli egin-eşiklerini synladylar, halkyň däp-dessurlary we baý medeni mirasy barada giňişleýin maglumat aldylar. Şeýle hem ahalteke atlary, el halylary we halk senetçilik önümleri barada maglumatlar hödürlendi. Bular Türkmenistanyň medeni özboluşlylygynyň aýrylmaz bölegidir.

Çäräniň medeni maksatnamasynda dürli ýurtlardan gelen artistleriň çykyşlary boldy. Myhmanlar milli aýdymlary, tanslary we sazlary diňläp, sebitiň halklarynyň özboluşlylygyny duýdular. Türkmen halkynyň medeni durmuşynda möhüm orun eýeleýän dutarda ýerine ýetirilen çykyşlar aýratyn ünsi çekdi.

Konsert maksatnamasynyň ahyrynda myhmanlara milli tagamlar hödürlendi. Myhmanlar palaw we beýleki milli naharlary dadyp gördüler, bu bolsa olara türki halklarynyň aşhana däpleri bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi.
Berlinde Nowruz baýramynyň bellenilmegi diňe bir ajaýyp medeni çäre bolman, eýsem halklaryň arasynda dostlugy, özara düşünişmegi we medeni dialogy ösdürmek üçin möhüm meýdança boldy.
