ORIENT | Wakalar. 2026-njy ýylyň 31-nji martynda (hijri senenamasy boýunça 1447-nji ýyl) Türkmenistanyň paýtagtynda Aşgabat bilen Er-Riýadyň arasyndaky mizemez dostluk gatnaşyklarynyň janly beýanyna öwrülen dabaraly çäre geçirildi.
Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman bin Abdulaziz Al Sauduyň adyndan Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna hijri senenamasy boýunça 1447-nji ýylyň hasylyndan bolan 25 tonna saýlama hurmany sowgat berildi.

Patyşalygynyň ilçihanasynda geçirilen çärä Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi Amer bin Ali Al-Şehri, Patyşa Salman adyndaky Ynsanperwer kömek we goldaw merkeziniň wekili Osman bin Raşid Al-Raşid, şeýle hem Türkmenistanyň Müftiliginiň wekilleri gatnaşdylar.
...Diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysynyň beren gürrüňleri bu çärede aýratyn täsir galdyrdy. Jenap Ilçiniň belleýşi ýaly, bu simwoliki ýüküň Türkmenistana çenli geçmeli ýoly örän çylşyrymly boldy. Ýakyn Gündogardaky dartgynly wakalar we Pars aýlagyndaky krizis sebäpli, ýüküň getirilmeli ýolunda çynlakaý hatda janyňa howp salýan päsgelçilikler hem ýüze çykdy.

Emma muňa garamazdan, ähli kynçylyklara we geosyýasy dartgynlylyga garamazdan, bu sowgat türkmen topragyndaky eýelerine gowuşdy. Ýüküň mukaddes Orazanyň ahyryna çenli getirilmegi meýilleşdirilipdi, ýöne wagt taýdan gijikdirilsede, bu sowgat hakyky haýyr-sahawat we sogaply işler üçin hiç hili päsgelçiligiň ýokdugynyň nyşanyna öwrüldi.
Dabaranyň ahyrynda Türkmenistanyň Müftiliginiň wekilleri özüniň ruhy ähmiýeti boýunça gymmatly bolan bu sowgat üçin Iki Mukaddeslik Hyzmatkärine çuňňur minnetdarlyklaryny bildirdiler.

Her bir musulman üçin mukaddes bolan wagtda görkezilýän şeýle aladanyň halklarymyzyň arasyndaky doganlygyň we ak ýürekli agzybirligiň iň ýokary dabaralanmasydygy bellenildi.
Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasy tarapyndan Türkmenistana iberilen bu sowgat asyrlar aşyp gelýän däp-dessurlara goýulýan sarpadyr. Bereketli hurmalar arap myhmansöýerliginiň “ýüregidir”.
Araplaryň däp bolan medeniýetinde, aýratyn-da, mukaddes Oraza aýynda we Oraza baýramynda myhmana hezzet-hormat etmek sungat derejesine ýetirilipdir. Bu dessurda hurma we kofe esasy orny eýeleýär.

Hurma yslam dini bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Sünnete görä, Oraza aýynda günüň dowamynda agyz beklenenden soň, agzy hurma (täk sanly) we bir owurt suw bilen açmak kabul edilendir.
Hurma palmasy “bereketli agaç” hasaplanýar. Saud Arabystanynda palmanyň şekili döwlet gerbiniň bir bölegidir.
Hurma — bu güýç-kuwwat berýän “çölüň çöregidir”, arap kofesi bolsa öý eýesiniň myhmana bolan ak ýürekden hormatynyň nyşanydyr. Kofeniň asyl ajylygy bilen hurmanyň bal süýjüliginiň utgaşmagy — indi türkmen saçaklaryny hem bezäp biljek nusgawy tagamdyr.

...Biziň halklarymyzyň arasyndaky taryhy arabaglanşyklar Beýik Ýüpek ýoly arkaly asyrlaryň jümmüşine uzaýar. Saud Arabystanynyň çäginde gadymy döwürlerden bäri türkmen jemgyýetleri ýaşapdyr, Mekge we Medine ýaly ruhy merkezler bolsa türkmenler üçin elmydama zyýarat edilýän mukaddes ýerler bolupdyr.
Patyşalygyň 1991-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar etmegi bilen başlanan türkmen-saud hyzmatdaşlygynyň häzirki zaman tapgyry, şu günki günde liderleriň çuňňur şahsy nusgasyna esaslanýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow yslam dininiň mukaddes ýerlerine dört gezek (2007, 2016, 2023 we 2024-nji ýyllarda) zyýarat etdipdi.
Ruhy köklere bolan ynanjy Prezident Serdar Berdimuhamedow hem dowam etdirýär. Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň iýunynda döwlet Baştutany hökmündäki ilkinji daşary ýurt sapary umra hajy däp-dessurlarynyň berjaý edilmegi we mukaddes Käbäniň içinde doga-dilegleriň okalmagy bilen taryha girdi. Şunlukda, mähirli doganlyk gatnaşyklarynyň binýady has-da berkidildi.
Şonuň üçin hem, şu günki günde Saud Arabystanynyň diňe bir ynanç meselelerinde däl, eýsem TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy ýaly iri geoykdysady taslamalarda hem Türkmenistanyň möhüm hyzmatdaşy bolmagy geň däl.

Emma hut Patyşa Salman adyndaky merkezden hurmalaryň sowgat berilmegi ýaly ynsanperwer çäreler gatnaşyklaryň hakyky çuňlugyny görkezýär. Bu goldaw sowuk hasaplamalardan däl-de, edil dogana berilýän sowgat ýaly ak ýürekden gelýär.
Sowgat berlen miweler baýramçylyk saçaklaryna ajaýyp goşant bolar we Türkmenistanyň ýaşajylaryna Pars aýlagynyň kenarlarynda türkmen halkynyň ygtybarly hem-de wepaly dostlarynyň bardygyny ýatladar.
