
ORIENTIR | 30-njy mart. Duşenbe güni öz taryhyny tamamlap, 31-nji mart sişenbe gününiň ir säherine ýerini beren gijesi, ählumumy bazarlar aşa durnuksyzlyk zolagynda öz ýokary galşyny tutanýerlilik bilen dowam etdirdiler.
Hatda ABŞ-nyň Maliýe ministri Skott Bessentiň tankerlerdäki eýran nebitinden (140 million barrel möçberinde) sanksiýalary wagtlaýyn aýyrmak baradaky gyssagly beýanaty hem spekulýantlaryň höwesini köşeşdirip bilmedi.
Tramp administrasiýasynyň bu mejbury “ak baýdak götermeginiň” sebäbi — Ormuz bogazyndaky örän ýiti krizisdir.. Iberilýän harytlaryň bökdemegi nebitiň bahasyny ähli akyl ýetirip boljak çäklerden ýokary galdyrdy. Ştatlaryň içindäki benzin nyrhlarynyň mundan beýläk hem ýokarlanmagyna ýol bermezlik üçin, Waşington eýýäm suwda duran sanksiýaly eýran nebitiniň “möhrüni açmaga” mejbur boldy.
Russiýanyň ýükleri üçin hem meňzeş ýeňillikleriň berilmegini hasaba alanyňda, jemi «geçirimlik» takmynan 270 million barrele täsir etdi.
Emma durnuklylyk hyýaly çalt dargap gider, sebäbi bogazlaryň gabalmagy zerarly dörän haryt gytçylygy islendik syýasy beýannamalardan has güýçlüdir. Bu ýerde wagtlaýyn ygtyýarnama däl-de, eýsem ulgamlaýyn energetika diplomatiýasy zerurdyr.
Brent kysymly nebitiň bahasy $117,15 ýetip, Ýewropada gazyň bahasy gorkuly $1465 derejesinde duran mahaly, dünýä hakyky howpy duýup başlaýar. Günorta-Gündogar Aziýadan başlap, Latyn Amerikasyna çenli elektrik energiýasynyň nobatlaýyn öçürilmegi täze hakykata öwrülýär.
Şu ýagdaýlaryň dowamynda ählumumy derejedäki howsalalyk bilen sebit durnuklylygynyň arasyndaky tapawut haýran galdyrýar. Gonkongda bir litr benziniň bahasy çenden aşa $3,85 ýetdi, ABŞ-nyň käbir ýerlerinde ýangyç çäklendirmeli berilýär, emma Merkezi Aziýa bolsa haýran galdyryjy durnuklylygy görkezýär. Türkmenistanda ýangyjyň bir litriniň bahasy $0,43 derejesinde saklanylýar, bu bolsa ýerli gazylyp alynýan baýlyklary öz raýatlary üçin ýangyç-energetika “pandemiýasyna” garşy ygtybarly “energo-waksinasyna” öwürýär.
Krizis ähli pudaklara täsir etdi. $2180 derejesinde berkän altyn wagtlaýynça aşaklady, sebäbi gaznalar Ýewropanyň “STOXX Europe 600” indeksiniň çökmegi netijesinde dörän zyýany ýapmak üçin gymmat bahaly metallary satmaga mejbur boldular. Köpleriň “asuda duralga” hasaplan bitkoini bolsa, Pars aýlagyndan gelýän habarlar bilen bilelikde “titredýär”, bu bolsa sanly aktiwleriň heniz hakyky serişdeleriň ornuny tutup bilmeýändigini subut edýär.
Esasy “söweş” bolsa oba hojalyk meýdanlarynda bolup geçýär. Gazynyň gymmatlygy sebäpli Günbataryň agrohimiki ägirtleri önümçiligini duruzýarlar. Şeýle ýagdaýda Garabogazdaky we Marydaky türkmen zawodlarynyň ähmiýeti örän ýokarlanýar.
Olaryň önümleri — “ýer witaminleri” — bolmasa, Ýewraziýanyň köp ýerlerinde ýazky ekiş howp astynda galar. Hatda dünýäniň dermanhana merkezi bolan Hindistanyň farmasewtikasy hem esasy dermanlar üçin nebit-himiýa komponentleriniň ýetişmeýändigini habar berýär.
Dünýä liderleriniň sesleri has-da kesgin eşidilýär. Wladimir Putin deňiz gabawlaryna bagly bolmadyk, goralýan gury ýer ugurlaryna bil baglaýar. Pekiniň wekili Wan I Merkezi Aziýada “durnuklylyk guşagyny” berkitmäge taýýardygyny tassyklaýar. Donald Tramp bolsa, eger Aýlagda howpsuzlyk dikeldilmese, ABŞ-da ýangyç kollapsynyň boljakdygy barada duýdurýar.
Ursula fon der Lýaýen bolsa şeýle belleýär: “Ýewropa öz taryhyndaky iň agyr senagat stress-testini başyndan geçirýär. Biz diňe bir tygşytlaman, eýsem energetika garaşsyzlygymyzy şu wagt täzeden döretmeli”.
Şu şertlerde OPEK+ guramasynyň dymmagy, serişdäniň hakyky bahasyny bilýän oýunçynyň ölçerlip-kesilen arakesmesi ýaly görünýär.
Häzirki nyrhlaryň böküşi nebit eksport edijiler üçin howply bir gyzykdyrmadyr. Şu günki aşa peýdalar ertir dünýä isleginiň çökmegine getirip biler. Eger nebitiň nyrhlary wagt geçdigiçe düzelip bilse, tebigy gaz aman galmak ugrundaky göreşde “tebigy saýlanmagyň” esasy şerti bolup galar.
“Bolmalymy ýa bolmaly dälmi?” diýen ebedi soraga şu gün ballistik raketalar däl-de, diplomatlar jogap bermeli. Sebäbi, ahyrynda islendik serişdäniň gymmaty birža indeksi bilen däl-de, eýsem ýönekeý raýatlaryň başynyň üstündäki asuda asman we olaryň rysgal-bereketli saçagy bilen ölçelýär.
Halkara jemgyýetçiligi howa ýaly ýönekeý we howa ýaly hiç zat bilen çalşyp bolmajak bu hakykatlary goramaga borçludyr.
Bekdurdy AMANSARYÝEW