2026-njy ýylyň 26-njy martynda Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow adyndaky daýhan birleşiginde ýerleşýän, Magtymguly Pyragy adyndaky 8-nji orta mekdepde, türkmen-täjik dostlugynyň nyşany hökmünde, Halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaraly medeni çäre we sergi geçirildi.

Çärä Täjigistandaky Türkmen Medeniýet Jemgyýeti, Täjigistan Dostluk we Medeni Gatnaşyklary Jemgyýeti, Türkmenistanyň Täjigistandaky Ilçihanasy, ýerli häkimlikler, jemgyýetçilik wekilleri, mugallymlar, žurnalistler we mekdebiň okuwçylary gatnaşdylar.
Gutlag sözleri bilen Hatlon oblastynyň Dusti etrabynyň orunbasary Şamsiddin Mirzosafarzoda, Türkmenistanyň Ilçisi A. Goçmyradow, Täjigistan Dostluk we Medeni Gatnaşyklary Jemgyýetiniň täjik-türkmen ugrunyň ýolbaşçysy Mirzo Şohruh Asrori, Täjigistandaky Türkmen Medeniýet Jemgyýetiniň ýolbaşçysy Döwran Gaýypnazarow hem-de hormatly türkmen jemgyýetçilik wekilleri Alty Bekmyradow, Şanazar Annaýew we Gülnara Awazowa çykyş etdiler.

Olaryň çykyşlarynda iki ýurduň – Türkmenistanyň we Täjigistanyň – ýolbaşçylaryna, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iki ýurduň arasynda çuňňur strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge we doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga yzygiderli üns berýändikleri üçin çyn ýürekden minnetdarlyk bildirildi.

Hususan-da, Magtymguly adyny göterýän bu mekdep Täjigistanyň topragynda iki dogan ýurduň dostlugynyň aýdyň nyşany bolup durýandygy bellenildi.
Çäräniň çäginde mekdep okuwçylarynyň aýdym-saz çykyşlary we Türkmenistanyň Ilçihanasy bilen bilelikde guralan tematik sergi hem geçirildi. Sergide türkmen zenanlarynyň milli şaý-sepleri, el halylary, el keşde nusgalary hem-de Ahalteke bedewleriniň surat sergisi görkezildi. Sergide aýratyn orun Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplaryna berildi.

Çärä gatnaşyjylar şeýle çäreleriň geçirilmeginiň iki ýurduň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny berkitmäge we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşant goşýandygyny nygtadylar.





