Hytaý wodorod we termoýadro pudaklaryndaky öňegidişlikleri çaltlandyrmak arkaly ýaşyl energetika ugrundaky maksatlaryny işjeňleşdirmäge çalyşýar. Olar bolsa 15-nji bäşýyllykda (2026–2030-njy ýyllar) ösüşiň esasy ugurlary hökmünde kesgitlenildi.
Ýurt ýaşyl we pes uglerodly ösüşi özüniň döwrebaplaşdyrma maksatnamasynyň kesgitleýji aýratynlygy hökmünde belledi we «ýaşyl» geçişi öňe sürmek boýunça tagallalar 15-nji bäşýyllygyň – Hytaýyň onýyllygyň ahyryna çenli ösüş ugurlaryny kesgitleýän esasy meýilnamasynyň – merkezi bölegini emele getirýär. Meýilnamanyň taslamasy öňümizdäki bäş ýylda jemi içerki önümiň (JIÖ) birligine kömürturşy gazynyň zyňyndylarynyň jemi 17 göterim azalmagyny, şeýle hem gazylyp alynmaýan energiýanyň umumy sarp edilişdäki paýynyň 2025-nji ýyldaky 21,7 göterimden 25 göterime çenli ýokarlandyrylmagyny göz öňünde tutýar.
Hytaý «Täze üç» diýlip atlandyrylýan pudaklarda, ýagny elektrik awtomobillerde, gün batareýalarynda we akkumulýatorlarda eýýäm uly üstünlikleri gazanypdyr – bularyň hemmesi gaýtadan dikeldilýän energiça çeşmelerine global geçişinde has möhüm orun tutýar – ýurt indi wodorod önümçiligini we termoýadro sintezini ösdürmek arkaly elektrik energiýasy önümçiligini artdyrmaga çalyşýar. Wodorod önümçiligi üçin zerur bolan adaty suw elektrolizi esasan süýji suwa baglydyr, bu bolsa «ýaşyl» wodorod senagatynyň uly göwrümli ösmegini çäklendirip biler. Emma gündogar Hytaýyň Şandun welaýatynyň kenarýaka Sindao şäherinde deňiz suwundan göni wodorod öndürýän 100 kilowattlyk Hytaýdaky ilkinji senagat taslamasy bu ugurda öňegidişlik gazandy. Bir ýyldan gowrak barlaglardan we işläp taýýarlamalardan soň deňiz suwunyň ýokary garyndylylygy we güýçli korroziýa aýratynlygy bilen baglanyşykly kynçylyklary üstünlikli ýeňip geçmäge başartdy, bu bolsa gymmat bahaly arassalaýyş işlerine zerurlyk bolmazdan wodorod öndürmegiň täze ýoluny açdy. «Deňiz suwundan göni wodorod öndürmek meselesi diňe bir önümçilik prosesiniň özünde däl-de, has wajyby, ulgamyň durnukly işlemegini üpjün etmekdedir. Işläp taýýarlan täze elektrod materiallary we korroziýa garşy tehnologiýalar arkaly diňe bir ulgamyň uzak möhletli durnukly işlemegini gazanyp bilmän, eýsem wodorod önümçiliginiň netijeliligini hem ýokarlandyrdyk» – diýip, Sinopec Qingdao Refining and Chemical kompaniýasynyň ösüş we meýilnamalaşdyryş işleri boýunça uly eksperti Lýan Fen aýtdy. Maglumatlaryň görkezişi ýaly, Hytaýda wodorodyň ýyllyk önümçiligi we sarp edilişi 36,5 million tonnadan geçdi, bu bolsa dünýä möçberiniň 36,6 göterimini düzýär we ýurduň bu ugurdaky öňdebaryjy ornuny görkezýär. Şol bir wagtyň özünde, köpleriň adamzadyň geljekdäki energetika zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin «iň gowy energiýa çeşmesi» hasaplaýan dolandyrylýan ýadro sintezi ugrunda-da öňegidişlik gazanyldy. Termoýadro sintezini gazanyp almak üçin esasy şert, 100 million Selsiý derejesinden ýokary aşa ýokary temperaturada plazmany uzak wagtlap howpsuz we durnukly saklamakdyr.
BEST (Experimental Superconducting Tokamak with Burning Plasma – ýanýan plazmaly tejribe ýokary geçirijilikli tokamak) hut bu meseläni çözmek üçin döredildi.
Köpleriň «emeli gün» diýip atlandyrýan dolandyrylýan termoýadro reaktory bolan BEST-iň esasy blogy häzirki wagtda gündogar Hytaýyň Anhoý welaýatynyň paýtagty Hefeý şäherinde gurnalýar. «Biz BEST-iň esasy blogynyň umumy ýygnama işlerini geljek ýylyň ahyryna çenli tamamlamagy meýilleşdirýäris» – diýip, BEST ýygnaýyş toparynyň takyk ölçeg bölüminiň ýolbaşçysy Gu Ýunsi aýtdy.
Ýakyn ýyllarda esasy tehnologiýalardaky indiki öňegidişlikleriň netijesinde Hytaýyň dolandyrylýan termoýadro sintezi pudagynyň tejribe reaktoryny görkeziji reaktora, soňra bolsa doly göwrümli täjirçilik işine geçjekdigine garaşylýar.