Badminton sportuň ir döwürlerde dörän görnüşleriniň biri bolup, ol ilki Gadymy Gresiýada, Hindistanda, Ýaponiýada, Ýewropanyň käbir döwletlerinde meşhurlyk gazanýar. XIV asyrda ýaponlaryň badmintonda häzirki wagta çenli hem ulanylýan raketkalary oýlap tapmaklary sportuň bu görnüşiniň taryhyndaky möhüm ädimleriň biri bolýar.
Badminton häzirki döwürdäki görnüşine gutarnykly ýagdaýda 1872-nji ýylda Beýik Britaniýada eýe bolýar. 1887-nji ýylda badminton oýnuny söýüjileriň ilkinji klub gurnagy, şondan birnäçe ýyl soňra bolsa badminton boýunça ilkinji assosiasiýa döredilýär. 1905-nji ýylda bu oýnuň kadalaýyn ýörelgeleri işlenip taýýarlanylýar, hut şol seneden başlabam Beýik Britaniýanyň badminton boýunça çempionaty geçirilip ugralýar.
Sportuň iň bir ýönekeý, hemmelere elýeterli görnüşi bolan badmintony dürli ýaşdaky adamlar oýnap bilýärler. Şonuň üçinem öz saglygyny goramaga döwtalap bolýanlaryň ählisine badminton oýnamagy maslahat berýäris. Sebäbi bu oýnuň saglyga berýän peýdasy uly bolup, ol adamda eserdeňlik, çalasynlyk, çeýelik, ünslülik ýaly häsiýetleri terbiýeleýär.
Lukmanlaryň aýtmaklaryna görä, badminton bir ýerde hereketsiz oturyp ýa durup işleýän adamlar, mysal üçin kompýuterleriň, awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň başyndaky adamlar üçin has-da peýdalydyr. Adam badminton oýnanynda bir ýerde durman diýen ýaly hereketde bolýar, uçup gelýän wolany ýere düşmänkä yzyna gaýtarmak üçin batly ylgaýar, bökýär, ugruny tiz-tizden üýtgedýär, aýlanýar, zerur bolanda eglip ýa-da arkanlygyna gaýşyp, wolany urýar. Bular bolsa bedeniňi taplamakda gerek bolan maşklaryň ählisiniň diýen ýaly badmintonda jemlenendigini görkezýär.
Bu oýun bilen köp ýagdaýlarda jana şypaly arassa howada, açyk asmanyň astynda meşgullanylýandygy onuň esasy aýratynlyklarynyň we adama peýdaly taraplarynyň biridir. Şeýle-de badminton oýnalýan wagtynda bedende gan aýlanyşygynyň çaltlanmagy netijesinde ýürek-damar, dem alyş ulgamynyň işleýşi kadalaşýar, myşsalar berkeýär, gan basyşy kadaly ýagdaýa gelýär.
Köp ýyllaryň dowamynda badminton bilen çynlakaý meşgullananlaryň arasynda äýnek dakynýanynyň örän seýrekdigini aýdýarlar. Ol bolsa sportuň bi görnüşiniň gözleriň görüjiligini hem ýokarlandyrýandygyndan habar berýär. Horlanmak isleýänlere-de badminton bilen meşgullanmak maslahat berilýär.
Türkmenistanyň Badminton federasiýasy: (+99365)88-11-32
