“Ramadan Press Trip” ekspedisiýasynyň gündeliginden
Men Türkiýäniň ýüregine syýahatymy on müň metr beýiklikde başladym. Aşgabatdan Stambula uçýan Turkish Airlines uçuşy ilkinji garaşylmadyk sowgady peşgeş berdi: bagtyma görä maňa biznes-klassa geçmek teklip edildi. Rahatlygyň siňip, men bu syýahatyň esasy temasy myhmansöýerlik boljakdygyna düşündim. Türk dilinde bu söze misafirperverlik diýilýär.

Uçarymyz Aşgabatdan örän ir — irden sagat dörtde uçdy. Oraza tutýan ýolagçylar üçin bu sahur — ýagny daňdan öňki soňky nahar üçin iň amatly wagt boldy. Türk howa ýollary muny öňünden bilen ýaly: kiçijik padnosda wetçina, birnäçe görnüşli peýnir, humus, üç görnüşli zeýtun, täze gök önümler we tropiki miweler — kiwi, pyrtykal, greýpfrut ýerleşdirilipdi.
Şol pursatda men üçin Türkiýe heniz howa menzilinde däl-de, hut şu ýerde — bulutlaryň arasynda başlady. Şeýle “kiçi” ertirlikden soň men azajyk irkilip galdym…
Dört ýarym sagat nähili geçendigini hem duýmadym. Uçarymyz aşak gonup başlady. Geň duýgy: biz Aşgabadyň wagty boýunça sagat dörtde uçduk, bäş sagada golaý uçduk, emma sagat bary-ýogy alty görkezýärdi. Biz wagtdan öňe geçen ýaly bolduk — wagt zolaklarynyň tapawudy bize şol bir säheri iki gezek ýaşamaga mümkinçilik berdi.
Bagaž berilýän zala baryp ýetýänçäk, çemodanlarymyz eýýäm transportýor lentalarynda görünýärdi. Stambulyň howa menzilinde ýene bir amatly aýratynlyk bar: telefony açanyňyzdan soň myhmanlar üçin mugt Wi-Fi awtomatiki ýagdaýda birikýär. Şeýlelikde garşy alýanlar bilen ýa-da ýakynlaryňa üstünlikli baryp ýetendigiň barada dessine habar berip bolýar.
Stambulyň halkara howa menzili öz döwrebap we aladaly durmuşyny ýaşap durdy. Emma awtobus meýdançasyna çykanyňyzda ýüzüňize duýulýan ys — çygly, ýazy wada berýän we deňiz duzy bilen siňen howa — şäheriň özboluşly alamaty ýaly duýulýar.
Çykalgada bizi ýolbeledimiz Berkan Taşan we awtobus sürüjisi Iskander garşy aldy.
Howa menzilinden şähere barýan ýol hemişe geljegiň aýnaly we betonly dünýäsi bilen janly taryhyň arasynda geçiş ýaly bolýar. Awtobus ýuwaşlyk bilen şaýoly boýunça hereket edip barýardy, penjireden bolsa oýanýan şäheriň manzaralary görünýärdi.
Ýolumyzyň başynda ýolbeledimiz Berkan bize garaşýan maksatnamany düşündirdi. Ol örän baýdy. Hatda men telefonymdaky ädim ölçeg enjamynyň näçe görkezjekdigini göz öňüne getirdim — sebäbi ýolumyzyň köp bölegini pyýada geçmelidigimizi bilýärdim.
Irki gün şöhlesi entek ýylatmaýar, emma eýýäm göz gamaşdyrýar. Ol sosnalaryň başlaryny we uzakdaky öýleriň üçeklerini altyn reňk bilen ýagtyldýardy. Awtobusyň içinde ýylylyk we rahatlyk bardy, diňe motoryň ýuwaş sesi eşidilip, uçuşdan soň haýal bilen meýmiredýärdi.
Ýöne ýatmak islegim ýokdy — hemmämiz penjireden görünýän her bir öwrümi synlaýardyk. Birden dumanly uzaklykda minaralaryň keşpleri we gämi diregleriniň şekilleri görünip başlady.
Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ýerleşýän, beýik suw bilen bölünen şäher bize garşy ýuwaşlyk bilen açylyp barýardy. Bu ýaz Stambulda aýratyn boljak ýaly duýulýardy.
Şäheriň syrly dünýäsine hakyky açar biziň ýolbeledimiz — Berkan boldy. Ol rus dilini ajaýyp bilýärdi we hakyky mugallym-taryhçy ruhyna eýe bolup, ol bize Stambuly iň ownuk jikme-jiklerine çenli buýsanç bilen tanatdy. Onuň gürrüňlerinden biz bu şäheriň diňe bir binagärler tarapyndan däl, eýsem dünýä derejesindäki zehinler tarapyndan gurlandygyny öwrendik. Berkan bize örän gyzykly bir gürrüň berdi: XVI asyryň başlarynda soltan Baýezid II Altyn Bogazyň iki kenaryny birleşdirmegi arzuw edipdir we şol maksat bilen hatda Mikelanjelo Buonarrotä çakylyk iberipdir. Beýik italýan ussady dünýäniň sekizinji gudraty bolup biljek köpriniň taslamasy hakynda oýlanypdyr. Taslama şol döwürde durmuşa geçirilmedik hem bolsa, “Dawut” heýkeliniň döredijisiniň eliniň Stambulyň keşbine degip biljekdigini göz öňüne getirmek hem bu aýlaga başgaça nazar bilen seretmäge mejbur edýär.

…Biz iki günläp öýümize öwrülen The Marmara Pera myhmanhanasyna geldik. Myhmanhana Beýoglu etrabynyň edil merkezinde ýerleşýärdi — örän amatly ýer: Galata diňi, Taksim meýdançasy, Istiklal köçesi — hemmesi golaýdy.
Resepşn bölüminde garaşylmadyk bir zat ünsümizi çekdi: zenan şlýapalary bilen bezelen tutuş diwar. Bize düşündirişlerine görä, myhmanhananyň eýesi dünýäniň dürli ýerlerine amala aşyran her saparyndan bir şlýapa getiripdir. Şeýlelikde ýyllaryň dowamynda Parižden, Milandan, Kairden, Stambulyň özünden getirilen şlýapalaryň uly ýygyndysy emele gelipdir. Indi bolsa olar lobbini bezäp, myhmanlary ertirlik naharyna ugradýarlar.

Beýleki tarapdan myhmanhana adaty ajaýyp aýratynlyklary bilen hem begendirýärdi: şäheriň agşamky görnüşini görkezýän üçekdäki howuz we Bosfor bogazynyň panoramasyny hödürleýän Mikla restorany. Emma resepşndaky şol kiçijik muzeý ilkinji täsirleri döretdi: Stambul bizi diňe kofe we rahat-lukum bilen däl, eýsem dünýäniň dürli ýerlerinden ýygnalan taryh bilen garşy aldy.

Berkan dynç almak üçin belli bir wagt berip, üç sagatdan soň lobbide ýygnanmagy yglan etdi. Myhmanhanamyzdan çykyp, başga bir myhmanhana tarap ugradyk… Emma bu adaty myhmanhana däldi — bu muzeý-myhmanhana Pera Palace. Bu ýer — wagtyň halka-halka bolup dolanýan ýeri. Käbir ýerler diňe taryhy saklamaýar — olar onuň bilen ýaşaýar. Stambuldaky Pera Palace hem şeýle ýerleriň biridir. Beýoglu depesinde ýerleşýän bu binanyň öňüne baranyňda ilkinji pikir şudur: bu bina biziň hatda göz öňüne getirip bilmejek zatlarymyzy hem ýadynda saklaýar.


1892-nji ýyl. Parižde henizem Kommuna baradaky ýatlamalar diri, Wan Gog bolsa özüniň soňky günebakar suratlaryny çekýärdi. Şol wagt Stambulda bolsa Gündogar Ekspresiň ýolagçylary üçin ýörite bir myhmanhana açylýar. Göz öňüne getiriň: sowuk, çygly agşamda otlydan sütükli eşiklere bürenen bir zenan düşýär, onuň yzysüre silindr şlýapaly bir jenap. Düýn olar Londonda çaý içýärdiler, bu gün bolsa Konstantinopol olary minaralar we deňiz guşlarynyň gykylyklary bilen garşy alýar. Olary adaty myhmanhana däl-de, eýsem eýýäm elektrik çyralary ýanyp duran, krantdan gyzgyn suw akýan — şol döwür üçin akyla sygmajak derejedäki rahatlyk bar bolan bir ýere alyp barýarlar.
Myhmanhana Pera etrabynyň iň beýik ýerinde gurlupdyr — öňler bu ýer şeýle atlandyrylypdyr. Her bir myhman giňişligi ýeňip geçen syýahatçy ýaly Altyn Bogaz aýlagyna ýokardan seredip biler ýaly.


Soňra bolsa lift peýda bolýar. Bu — Türkiýedäki ilkinji elektrik lifti. Ýewropada Eýfel liftinden soň ikinji bolupdyr. Ol häzirki gün hem işleýär — özboluşly wagt maşyny ýaly. Nepis nagyşly çoýun gapy, demirden ýasalan bezegler, wagtyň garalan patinasy bilen örtülen aýnalar. Portýe hormat bilen baş egip gapyny açanda we siz içeri ädim basanyňyzda, kabinanyň sarsyp sizi dördünji gata däl-de, göni öňki asyrlara alyp barjak ýaly duýulýar. Köne troslaryň güwüldisi eşidilýär, şahtanyň çuňlugynda bolsa mehanizm ýeňiljek jygyldap işleýär.
Edil şu kabinada ilçileriň aýallarynyň ýüpek köýnekleri şygyrdady, hut şu ýerde şlýapasyny saklap ilkinji gezek öz gatyna ýaş ofiser — Mustafa Kemal çykypdy. Soňra dünýä ony Atatürk diýip tanar. Mustafa Kemal Atatürk 1917-nji ýyldan başlap bu ýerde birnäçe gezek durupdyr. Ol bu myhmanhanany gowy görüpdi. Belki-de, sebäbi bu ýerden onuň üýtgetmegi arzuw eden şäherine giňden seredip bolýar. Onuň otagy — 101 — häzirki wagtda filmiň doňup galan kadry ýaly görünýär.
Bu ýerde her bir zat onuň elleriniň degişini ýatlaýar. Onuň okan türk we fransuz dillerindäki kitaplary. Mindirdäki medallar. Hindistanly maharaja tarapyndan sowgat berlen köne haly — gürrüň berlişine görä, onuň nagyşlaryna uzak seretseň, şifrlenen senäni görüp bolýar: 1938-nji ýylyň 10-njy noýabry. Bu bolsa Mustafa Kemal Atatürkiň ýürek urşunyň duran güni.
Birinji gatdaky otag hemişe biraz garaňky bolýar, ýagtylyk diňe penjirelerden düşýär. Onuň bary-ýogy bir minutlyk çykyp giden ýaly — häzir dolanyp geljek, şol stoluň başynda oturyp, perdäni bir gyra süýşürip, Bosfora seredäýjek ýaly duýulýar.
Bu basgançaklar, bu geçelgeler... Agata Kristi 1926-njy ýylda hut şu ýerlerden geçipdir. 1933-nji ýylda bolsa ol şu ýerde bolup, "Gündogar ekspresdäki ölüm" atly meşhur romanynyň üstünde işleýärdi. Aýtmaklaryna görä, ol 411-nji otagda bütin günläp içinden gulplap oturýar eken: gara çaý içip, göçme ýazuw enjamynyň klawişalaryna yzygider kakýardy. Şol ýazuw enjamy häzir hem penjiräniň öňündäki kiçijik stoluň üstünde dur.
Ýene-de bir rowaýat bar. 1926-njy ýylda Agata birdenkä on bir günläp ýitip gidýär. Bütin Angliýa ony gözleýärdi, emma ol edil howa siňen ýaly ýok bolýar. Soň bolsa Angliýanyň demirgazygyndaky bir myhmanhanada tapylýar — bolup geçen zatlar hakynda hiç zat ýadyna düşmeýär. Taryhçylar şu güne çenli jedelleşýärler: bu nerw sarsgyny boldumy ýa-da örän inçe hasaplanan bir meýilnama?
2004-nji ýylda Stambula bir medium gelip şeýle diýýär: “Syryň açary 411-nji otagyň pol tagtalarynyň aşagynda gizlenendir”. Hakykatdanam poluň aşagyndan köne bir açar tapylýar. Elbetde, soňra onuň mahabat üçin ýörite goýlandygy belli bolýar. Emma bu hakykatdan hem möhümmi? Möhümi — indi her agşam ala-garaňkylykda şeýle duýulýar: edil şu burçdan ýokary galdyrylan ýakaly uzyn palto geýen bir kölege çykyp geljek ýaly. Soň bolsa ýitip gider. Agata ýaly. Wagt ýaly.

Häzirki wagtda Pera Palace Hotel myhmanhanasyny Jumeirah Group dolandyrýar (hut şol kompaniýa Dubaýda ýerleşýän meşhur Burj Al Arab myhmanhanasyny gurupdy). Emma köne lift henizem şygyrdap, myhmanlary ýokaryk galdyrmagyny dowam etdirýär. Agatha restoranynda iňlis ertirlik nahary hödürlenýär, Orient barynda bolsa Ernest Hemingueýiň halaýan kokteýlleri taýýarlanýar. Diwardan gara-ak suratda Greta Garbo seredýär, Alfred Hiçkok bolsa edil ýaňy çilim çekmäge çykyp giden ýaly duýulýar.
Agşam Galata Tower diňiniň çyralary ýananda, Bosfor garaňkylyga çümüp, edil nebit ýaly garalanda, lobbide oturyp, inçe aýna stakanda türk çaýyny içip, pol tagtalarynyň ýeňiljek şygyrdysyny diňläp bolýar. Pera Palace myhmanhanasynda wagt hiç haçan durmaýar. Ol diňe aýlaw boýunça hereket edýär — edil şol köne lift ýaly — bizi syýahatlaryň sungat bolan, myhmanhanalaryň köşk ýaly görünýän, durmuşyň bolsa romana meňzeýän döwrüne gaýtaryp getirýär.
Ir säher ýaňy başlandy, emma aňymdaky gündelik eýýäm täsirlerden doly. Öňümizde bolsa müňlerçe ädim, müňlerçe hekaýa bar. Bu bolsa diňe başlangyç. Dowamy bar.
