Moskwada Uly teatr taryhy sahnasynda Russiýanyň halk artisti Aleksandr Zasepiniň 100 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan «Zasepiniň asyry» atly giň gerimli konsert geçirildi. Baýramçylyk agşamy meşhur aktýorlary, opera ýyldyzlaryny we estrada ýerine ýetirijilerini bir ýere jemläp, olaryň ählisi ussadyň dünýä medeniýetine goşan gymmatly goşandyny hormat bilen bellediler diýip, TASS habar berýär.
Uzak ýyllaryň dowamynda döredijilik bilen meşgullanan Aleksandr Zasepin 300-den gowrak saz eserini döretdi. Onuň režissýor Leonid Gaýdaýyň "Göwher el", "Iwan Wasilýewiç kärini üýtgedýär" we "Kawkaz ýesiri" atly filmleri üçin ýazan sazlary birnäçe nesliň medeni hakydasynda aýratyn orun eýeleýär. Ýubileý eýesi her bir eseriniň özüne çagasy ýaly ýakyndygyny, ýöne aýratyn hem "Gyzyl çadyr" filmindäki «Deňiz kenary» atly kompozisiýanyň ýüregine has ýakyndygyny aýtdy.
Dabaraly konserte Konstantin Habenskiý, Ýewgeniý Mironow, Ýuliýa Peresild, Dima Bilan ýaly meşhur sungat işgärleri gatnaşdy. Meşhur sazlar Ýuriý Başmetiň ýolbaşçylygyndaky Ählirus Ýetginjekler Simfoniýa Orkestri tarapyndan ýerine ýetirildi. Çäräniň geçirilmegine Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrligi goldaw berdi.
100 ýaşynyň dolandygyna garamazdan, Aleksandr Zasepin döredijilik işini dowam etdirýär. Ol interwýusynda häzirki wagtda täze aýdym-sazly sahnalaryň (mýuzikl) we baletleriň üstünde işleýändigini aýtdy. Uly teatrdaky bu agşam diňe bir onuň ýüz ýyllyk döredijilik ýolunyň jemlenmesi bolman, eýsem beýik kompozitoryň täze döredijilik meýilnamalary üçin ruhlandyryjy başlangyç boldy.
ORIENT
