Ýakyn Gündogarda ýüze çykan dartgynly ýagdaý we onuň netijesinde Eýranyň energiýa serişdeleriniň bahalarynyň düýpli ýokarlanmagy bilen baglylykda Halkara energetika agentligine (HEA) agza ýurtlar milli ätiýaçlyklaryndan rekord möçberde nebiti bazara çykarmagy meýilleşdirýärler. HEA-nyň düzümine girýän 32 döwlet adatdan daşary ýagdaýlar üçin saklanylýan ätiýaçlyklardan 400 million barrel çig nebiti bazara çykarmak barada biragyzdan ylalaşdy. Bu barada agentlik 11-nji martda Parižde geçirilen nobatdan daşary ýygnagyň netijesinde habar berdi.
HEA-nyň maglumatlaryna görä, birnäçe ýurt goşmaça adatdan daşary çäreleri hem görer. Agentligiň ýolbaşçysy Fatih Biroluň bellemegine görä, “nebit bazarynda ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklarymyzyň möçberi öň görlüp-eşidilmedik derejededir”. Onuň aýtmagyna görä, nebit bazarlary global häsiýete eýedir, şonuň üçin uly bökdençliklere garşy çäreler hem halkara derejesinde bolmalydyr.
dpa agentligiň bellemegine görä, HEA ýurtlarynyň bilelikdäki hereketleriniň dowamynda öň beýle uly möçberde nebit ätiýaçlygy bazara çykarylmady. Bu ädim dünýäniň nebit söwdasynyň takmynan 20 göterimi amala aşyrylýan Ormuz bogazynyň petiklenmegi sebäpli kyn ýagdaýa düşen bazarlary durnuklaşdyrmaga gönükdirilendir.
Germaniýa 20 milliona golaý barrel nebit çykarar Hususan-da, Germaniýa milli ätiýaçlygyndan 19,5 million barrel nebiti bazara çykarmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi. Mundan başga-da, Germaniýada awtoulaglara ýangyç guýulýan beketlere ýangyjyň bahasyny diňe günde bir gezek ýokarlandyrmaga rugsat berildi. Bu barada 11-nji martda ýurduň ykdysadyýet ministri Katerina Raýhe habar berdi.
Bu çäreler dünýä bazarlarynda ýüze çykan nebit ýetmezçiligi sebäpli soňky birnäçe günüň dowamynda HEA we “Uly ýedilik” (G7) ýurtlarynyň arasynda ara alnyp maslahatlaşyldy. HEA ýurtlarynyň — olaryň arasynda G7 döwletleri hem bar — strategik nebit ätiýaçlyklarynyň umumy möçberi 1,2 milliard barrelden gowrakdyr. Şeýle hem oňa goşmaça 600 million barrel senagat ätiýaçlygy bar.
Germaniýanyň nebit ätiýaçlygy 30 million tonnadan geçýär Milli nebit ätiýaçlyklary dawalar ýa-da betbagtçylyk ýagdaýlarynda awtoulag ýangyjy, ýyladyş hem-de senagat zerurlyklary üçin ýeterlik mukdarda nebiti üpjün etmek üçin saklanýar. Ýewropa Bileleşigi we HEA agza ýurtlardan azyndan 90 günüň importyna deň bolan möçberde nebit ätiýaçlygyny saklamagy talap edýär.
HEA-nyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň noýabr aýynda Germaniýada 34,42 million tonna nebit saklanýardy.
