
Saz döretmek üçin niýetlenen ProducerAI platformasy resmi taýdan Google Labs bölüminiň bir bölegine öwrüldi. 250-den gowrak ýurtda elýeterli bolan bu hyzmat indi Google ekoulgamynyň içinde hünär derejesindäki prodýuserlik guraly hökmünde ösdüriler.
ProducerAI akylly “awtordaş” hökmünde işleýär. Diňe ses generasiýasy bilen çäklenmän, ulanyjy öz pikirlerini söz bilen beýan edip, emeli aň bilen dialog alyp barýar. Platforma aýdymlary ädimme-ädim kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär: aranžirowkany üýtgetmek, effektleri sazlamak we dürli žanrlar boýunça synag geçirmek mümkin.
Tehniki tarapy üçin Google DeepMind tarapyndan döredilen öňdebaryjy modeller jogap berýär. Lyria 3 modeli ýokary hilli ses we aýdyň äheň gurluşyny üpjün edýär, Gemini bolsa ulanyjy bilen aragatnaşygy dolandyrýar. Şeýle hem ähli döredilen mazmun awtorlyk gurşawyny goramak maksady bilen görünmeýän SynthID sanly suw belgisi bilen bellik edilýär.
Aýratyn ünse mynasyp aýratynlyklaryň biri — Spaces funksiýasydyr. Onuň kömegi bilen diňe tekst beýany arkaly şahsy wirtual saz gurallaryny we ses işläp taýýarlamak üçin modul gurşawlaryny döretmek bolýar. Şeýle döredilen gurallary beýleki ulanyjylar bilen paýlaşyp, bilelikdäki döredijiligi alyp barmak mümkin.
ProducerAI-niň Google Labs-a integrasiýasy emeli aňy doly aýdymlaryň üstünde işlemek üçin ulgamlaýyn gural derejesine ýetirýär. Bu bolsa dürli derejedäki sazandalara täze mümkinçilikleri açýar — ilkinji pikirden başlap soňky esere çenli ähli döredijilik prosesine doly gözegçilik etmäge ýol açýar.
ORIENT