Kapadokiýanyň jümmüşinde ýerleşýän gadymy Ortahisar şäherçesi resmi taýdan Cittaslow halkara toruna goşuldy. “Haýal şäher” derejesi ilatly nokadyň globallaşmagyň başagaýlygyndan ýüz öwrüp, däp-dessurlary, ekologiýany we özboluşly ýerli medeniýeti goramaga ygrarlylygyny tassyklaýar.
Ortahisaryň ýokary bahalar bilen Cittaslow sanawyna goşulmagy taryhy mirasy goramak boýunça giň gerimli işleriň netijesi boldy. Ozal Forbes žurnalynyň “2025-nji ýylyň dünýäniň iň owadan 50 obasy” sanawyna girizilen bu şäherçe häzirki wagtda adam bilen tebigatyň sazlaşygynyň nusgasy hasaplanýar.
Kapadokiýanyň jümmüşinde Cittaslow filosofiýasy

Hereketiň ady latynça citta (şäher) we iňlisçe slow (haýal) sözleriniň birleşmesinden gelip çykýar. Şeýle ýerlerde esasy zat pursatdan lezzet almagy başarmakdyr. Beýik Ortahisar galasynyň eteginde durmuş henizem ata-babalaryň ýol-ýörelgeleri boýunça dowam edýär:
• Ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar: Gaýalara oýulyp ýasalan tebigy ammarlary häzirki zaman sowadyjylaryň ornuny tutup, hasyly tebigy salkynlykda saklaýar.
• Däp-dessurlar: Ýerli ýaşaýjylar tebigy önümleri we gadymy senetleri ileri tutup, sebitiň ykdysady özboluşlylygyny goldaýarlar.
• Binagärlik: Özboluşly gaýa gurluşlary we asmanda uçýan howa şarlary senagat başagaýlygyndan daşdaky şäheriň gaýtalanmajak keşbini döredýär.

Häzirki wagtda Türkiýäniň eýýäm 29 sebitinde şeýle asuda ýaşaýyş ýörelgesi alnyp barylýar. Ahlatdan Safranbolu çenli şäherleri birleşdirýän bu tor Anadolynyň medeni özboluşlylygyny dünýä açyp görkezýär.
Megapolisleriň ýadatýan hysyrdysyndan dynç almak isleýänler üçin Ortahisar taryh bilen çuňňur asudalygyň sazlaşýan ajaýyp nokadyna öwrülýär.

ORIENT
