
Türkiýe — bir günde ýylyň dört paslyny başdan geçirip bolýan özboluşly ýurt. Tokaýlary we şypaly howasy bilen meşhur Gara deňiz kenary gyşda jadyly giňişlige öwrülýär. Şonuň üçin bu sebit National Geographic tarapyndan taýýarlanan abraýly “Best of the World 2026” sanawyna girizildi.
Gündogar Gara deňzi: belentlikler we gadymy ýadygärlikler

Gyş möwsümi bu ýerde Ordu we Giresun welaýatlaryndan başlanýar. Orduda asma ýoly bilen Boztepe depesine çykmak ýa-da Ulugöl kölüniň kenaryndaky bungalolarda dynç almak mümkin. Ýason burnunda ýerleşýän gadymy buthana gyşda aýratyn täsirli görünýär, Çambaşy belentliginde bolsa döwrebap dag-lyža merkezi bar.
Giresunda Kümbet belentligi, Göksu trawertinleri we Kuzalan şarlawugy meşhur. Sebitiň täsin aýratynlygy — guş dili (sykylyk arkaly aragatnaşyk) saklanyp galan Kuşköý obasy bolup, bu däp ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilendir.
Trabzon, Rize we Artwin göwherleri

Trabzonda gar bilen örtülen gaýalaryň arasynda ýerleşýän Panagiýa Sumela monastyry gyşda erteki ýaly görünýär. Uzungöl, Maçka kölleri we Erikbeli belentliginiň gyşky görnüşleri Hamsiköýdäki myhmanhanalaryň rahatlygy hem-de Zigana lyža merkeziniň mümkinçilikleri bilen utgaşýar.
Rizede daglaryň beýikligi Zil galasy we Şenýuwa köprüsi bilen has-da täsirli bolýar. Aýder belentligi termal çeşmeleri bilen özüne çekýär, Owit dagy bolsa lyžaçylary bilen meşhurdyr. Artwin welaýatyndaky Kaçkar belentligi we Kamili goraghanasy doly asudalygy gözleýänler üçin amatlydyr.
Günbatar Gara deňzi: rahatlyk we taryh

Stambuldan bary-ýogy üç sagat uzaklykda ýerleşýän Bolu şäheri Abant köli we “Ýedi köl” milli seýilgähi bilen özüne çekýär. Bu ýerde agaç jaýlarda dynç almak hem-de gezelenç etmek meşhurdyr. Göýnük we Mudurnu şypaly çeşmeleri saglyga peýdalydyr.
Safranbolu şäherjigi (ÝUNESKO-nyň mirasy we “haýal şäher”) osmanly döwrüniň jaýlary bilen meşhurdyr. Şeýle hem Amasra, Sinopdaky Injeburun burny, Gerze şäherjigi we Samsundaky “Bandyrma” gämisiniň nusgasy baryp görülmäge mynasypdyr.
Gastronomiýa: demirgazyk gyşynyň tagamy

Gyşky aşhanada mekgejöwen unundan we peýnirden taýýarlanylýan gyzgyn kuýmak, gara kelemiň çorbasy hem-de täze hamsa balygy aýratyn orun eýeleýär. Şeýle hem Akçaabat köftesi, süýtlaç süýjüligi, Samsun pidesi we Safranbolunyň lokumy dadyp görülmäge mynasypdyr. Gezelenjiň ahyrynda bolsa Rizäniň meşhur çaýy sizi ýyladar.
ORIENT