23-nji fewral agşamy Mukamlar köşgi gadymy saz gurallarynyň owazlary we gündogar baýramçylygynyň ruhy bilen doldy. Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna Çunsze — Bahar baýramy, ýagny Hytaýyň Täze ýyly mynasybetli ajaýyp konserti sowgat etdi.
Bu çäre diňe bir saz muşdaklary üçin sowgat bolman, eýsem türkmen-hytaý ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Bu ýerde saz dostlugyň hemmeler üçin düşnükli bolan umumy diline öwrüldi.

Agşamky maksatnama Hytaýyň baý medeni däpleriniň mozaikasy hökmünde guraldy. Tomaşaçylar müňýyllyklaryň dowamynda hytaý saz medeniýetiniň aýratynlygyny emele getiren milli saz gurallarynyň seýrek owazlaryny diňlediler. Tans çykyşlary we aýdymlar zaly Hytaýyň esasy baýramçylygyna mahsus bolan ýazky täzeleniş ruhuna besledi.

Agşamyň iň täsirli pursady dirižýor Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň hytaýly solistler bilen bilelikdäki çykyşy boldy. Bu döredijilikli bileleşik Aşgabadyň akademiki saz mekdebini Hytaýyň nepis saz öwüşginleri bilen sazlaşdyran özboluşly saz eserini döretdi.

Mukamlar köşgüniň gümmezleriniň astynda ýurtlarymyzy birleşdirýän eserler ýaňlandy: Nury Halmämmedowyň «Türkmenistanym» diýen aýdymy hytaýly myhmanlaryň gatnaşmagynda täze öwüşgin aldy. Şeýle hem «Ajaýyp güller we dolan Aý» (Hua Hao Yue Yuan) atly hytaý liriki aýdymy tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Bu eser sazlaşygy, maşgala bagtyny we kämilligi alamatlandyrýar, şonuň üçin köplenç toý dabaralarynda ýerine ýetirilýär.

Agşamyň jemleýji pursatynda sahnada türkmen we hytaý sungat işgärleriniň bilelikde çykyş etmegi dostlugyň janly beýanyna öwrüldi. Şeýle duşuşyklar gatnaşyklarymyzyň taryhy kökleriniň Beýik Ýüpek ýoluna çenli uzaýandygyny hem-de häzirki döwürde medeniýet we sungat ulgamynda täze ösüşlere ýol açýandygyny aýdyň görkezýär.
ORIENT
