Hytaý 2021-nji – 2025-nji ýyllary öz içine alan 14-nji bäş ýyllyk maksatnamanyň dowamynda halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda we oba ýerlerini ösdürmekde gazanan üstünliklerini berkitmegini dowam etdirýär.
Bu döwürde esasy üns halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak tagallaryny mundan beýläk hem dowam etdirmäge, oba ýerlerinde ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga, azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge, göçürilen ilata maksadalaýyk goldaw bermäge hem-de ilatyň girdejilerini ýokarlandyrmaga we şäher-oba şertleriniň aratapawudyny azaltmak maksady bilen ýerli senagaty ösdürmäge gönükdirildi.
2025-nji ýylda ilaty iş bilen üpjün etmek tagallalarynyň netijesinde 32 milliondan gowrak adam iş bilen üpjün edildi, 7 milliondan gowrak adama goldaw beriji edaralary arkaly kömek berildi.
Agzalan döwürde däneli önümleriň önümçiligi rekord derejä – 714 million 900 müň tonna ýetdi; soýa önümçiligi 20 million 910 müň tonna ýetdi, ýagny önümçilik möçberi dört ýyl yzly-yzyna 20 million tonnadan geçdi. Täze tehnologiýalar oba hojalyk pudagynyň ösüşine 64% -den gowrak goşant goşdy.
Esasy oba hojalyk önümlerini we azygy gaýtadan işleýän kärhanalaryň goşmaça gymmaty geçen ýyl bilen deňeşdirilende 5.6% artdy.
Oba ýaşaýjylarynyň adam başyna düşýän girdejisi hakyky görnüşde 6% ýokarlanyp, 24 müň ýuandan, ýagny 3 500 ABŞ dollaryndan geçdi. Oba ýerlerinde arassaçylyk we keselleriň öňüni alyş derejesi 77% -e ýetdi.
2020-nji ýylyň ahyryna çenli Hytaýyň oba ýerlerinde 98.99 million ýaşaýjynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri gowulaşdy. Soňky dört onýyllygyň dowamynda 800 million töweregi adamyň hal-ýagdaýy gowulaşdy. Bu bolsa dünýä derejesinde ýaşaýyş-durmuş şertleri gowulaşan ilatyň 70% -den gowragyny düzýändir we Birleşen Milletler Guramasynyň bu mesele boýunça 2030-njy ýyla çenli öňde goýan maksadyna 10 ýyl ir ýetildi diýmekdir.