Türkmenistanda mukaddes Oraza aýy dowam edýär. Şu döwürde milli aragatnaşyk operatory Tmcell (“Altyn Asyr”) abonentlerine mugt “Orazа” hyzmatyny hödürleýär. Bu hyzmatyň kömegi bilen agyz beklemegiň we agyz açaryň wagtyny çalt hem-de aňsat bilmek mümkindir.
Hyzmat ýaşaýan welaýatyňyzy nazara alyp, agyz beklemegiň başlanýan we tamamlanýan wagty barada takyk maglumat berýär. Munuň üçin ykjam telefonynda degişli USSD buýrugyny girizmek ýeterlikdir.
Maglumat almak üçin kodlar:
*0870*1# Ahal welaýaty we Aşgabat, Arkadag şäherleri üçin
*0870*2# Balkan welaýaty üçin
*0870*3# Daşoguz welaýaty üçin
*0870*4# Mary welaýaty üçin
*0870*5# Lebap welaýaty üçin
Hyzmat Oraza aýynyň dowamynda kompaniýanyň ähli abonentleri üçin mugt hödürlenýär. Onuň kömegi bilen dine uýýanlar agyz beklemegiň we agyz açaryň wagtyny öz wagtynda anyklap, bellenilen tertibe laýyklykda agyz beklemegi ýerine ýetirip bilerler.
