2026-njy ýyl «Dutaryň owazlary » gaznasy üçin aýratyn ähmiýetli boldy — Nury Halmämmedow adyndaky Moskwanyň halkara sungat festiwalynyň X ýubileý möwsümi başlandy. 22-nji fewralda A.N.Skrýabin adyndaky Memorial muzeýiniň sazçylyk myhman otagynda geçirilen bu medeniýet baýramcylygynyň açylyşy «Älemiň sazy we göwün nagmasy» diýen şahyrana at bilen geçdi. Bu agşam diňe bir konsert bolman, eýsem Türkmenistanyň saz mirasynyň dünýäniň nusgawy eserleri bilen utgaşyp giden hakyky many-mazmunly pursatlaryň jemlemesine öwrüldi.
Muzeýiň zalynda hamala iki uçursyz zehin — Aleksandr Skrýabin bilen Nury Halmämmedow duşan ýaly boldy. Olaryň arasynda onlarça ýyl wagt aralygy bar hem bolsa, bu kompozitorlaryň ruhy arabaglanyşygy wagtdan ýokary traýektoriýa bilen yzarlanylýar. Akademik sazda türkmen ruhunyň iň ajaýyp waspçysyna öwrülen Nury Halmämmedow, Aleksandr Skrýabiniň mistiki we täzeçil döredijiligine çuňňur hormat goýupdyr. Nurynyň öz gündeliklerinde galdyran ykrarnamasy şu gün bir many-mazmunly çagyryş ýaly ýaňlanýar: ol halk sazyny özüniň birinji mugallymy diýip atlandyran bolsa, ikinji mugallymy hökmünde Skrýabini hasaplapdyr.

Nesilleriň bu dowamatlylygy we rus fortepýano mekdebiniň türkmen sungatyna ýetiren täsiri professor Wýaçeslaw Meduşewskiniň giriş sözüniň esasy mowzugy boldy. Nury Halmämmedow bilen bilelikde Moskwa konserwatoriýasynda okan ýyllary baglanyşdyran görnükli sazy öwreniji alym özüniň şahsy ýatlamalaryny paýlaşdy. Ol Nurynyň daşyndan görünýän ýönekeýliginiň aňyrsynda örän uly içki çuňlugyň hem-de Magtymgulynyň pelsepesine bolan ymtylyşyň ýatandygyny aýratyn nygtady.
Bu agşama Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýewiň, şeýle hem Moskwanyň ylmy we döredijilik wekilleriniň gatnaşmagy aýratyn dereje berdi. Gaznanyň çäreleriniň “wizit kartasyna” öwrülen hemişelik bildiriş, rus jemgyýetçiliginiň türkmen medeniýetine bolan hakyky gyzyklanmasyny ýene bir gezek tassyklady. Agşamyň maksatnamasy inçe meňzeşlikler esasynlanyp düzüldi: Moris Raweliň nepis simwolizmidan başlap, Wolfgang Amadeý Mosartyň we Sergeý Rahmaninowyň nusgawy päkligine çenli eserler ýaňlandy.

Nury Halmämmedowyň «Hirosimanyň we Nagasakiniň çagalarynyň diňlenilmedik aýdymlary» atly wokal eseriniň ýerine ýetirilmegi örän täsirli boldy. Opera aýdymçysy Darýa Guseýnowanyň we kompozitor Mämmet Guseýnowyň düşündirişinde pajygalylyga we mistiki çuňluga ýugrulan bu eser doly göwrümli monoopera hökmünde ýaňlandy. Döwrebaplyk bilen nusgawy eseriň döredijilikli arabaglanyşygyny Mämmet Guseýnowyň Hajy Kakalyýewiň sözlerine ýazan we Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ýerine ýetirilen «Gahrymana oda» eseri dowam etdirdi.

Bütindünýä sazçylyk jemgyýetçiligi tarapyndan 270 ýyllygy bellenilýän Mosartyň ýubileý owazyny Uly teatryň çagyrylan solisti, ýaşajyk Dariý Guseýnow dowam etdirdi. Ol özüniň dury belent owazy bilen «Figaronyň toýy» operasyndan Kerubinonyň ariýasyny ýerine ýetirdi, soňra bolsa Matweý Blanteriň meşhur «Atlar-ýyrtyjylar» (Кони-звери) kompozisiýasyny hödürledi. Bu eser Türkmenistanda 2026-njy ýylyň ganatly bedewlere bagyşlanan şygarynyň mazmunynda aýratyn ähmiýetli ýaňlandy.

Pianinoçy Ilýas Sagitowyň ýerine ýetiren instrumental bölümi diňleýjilere Raweliň «Alboradasyndan» Mämmet Guseýnowyň häzirki zaman keşplerine çenli syýahat etmäge mümkinçilik berdi. «Çagalygyň owazlary», «Trubadur (Bagşy)» pýesalary we «Watan küýsegi» noktiýurny gündogar we günbatar däpleriniň özboluşly utgaşmasyny görkezdi. Bu utgaşma bolsa festiwalyň düýp esasyny düzýär.

«Dutaryň owazlary» dokuz ýylyň dowamynda ýüzlerçe zehinli ynsanlary birleşdirdi we şu gezekki ýubileý möwsümi bu taslamanyň taryhynda täze bir belentlige öwrüljekdigine wada berýär. Eýýäm mart aýyndan başlap, güýzki bäsleşik bölümi üçin resminamalary kabul etmek işi başlanar. Bu bolsa öz gezeginde hakyky sungat baýramy diýen adyny subut etmegini dowam etdirýän festiwalyň taryhyna öz atlaryny ýazmak üçin ýekeleýin ýerine ýetirijileri we döredijilik toparlaryny çagyrýar.
