Türkmen paýtagtynda «Kompozitor» çeper filmini döredijileri dabaraly ýagdaýda gutlamak üçin çäre geçirildi.
Bu waka, kinofilmiň birnäçe gün ozal ýe Respublikasynyň Ankara şäherinde Türkmenistanyň kino günleriniň çäginde gazanan üstünliginiň mynasyp dowamy boldy. Ol ýerde çeper keşbi we onuň saz bezegi sungaty öwrenijiler hem-de kino muşdaklary tarapyndan ýokary baha mynasyp bolup, ýurduň daşynda häzirki zaman türkmen kinematografiýasyna bolan gyzyklanmanyň artýandygyny ýene bir gezek tassyklady.
Bu halkara forumynda «Kompozitor» filmi TÜRKSOÝ halkara guramasynyň ýörite baýraklaryna mynasyp boldy. Filmi saz bilen bezändigi üçin kompozitor Kerim Berdimuhamedow «Ganatly altyn bedew» atly ýörite sylaga mynasyp boldy. Bu gowşurylan sylag iň ähmiýetli sylaglaryň biridir. Onuň döreden sazlary diňe bir wizual hatary doldurman, eýsem filmiň dramaturgiýasynyň aýrylmaz bölegine öwrülip, tomaşaçylara ýetirýän duýgynyň täsirini has-da güýçlendirdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem aýratyn ykrarnama mynasyp boldy. Gazna «Kompozitor» filminiň döredilmegine işjeň ýardam berendigi üçin «Goşa ganatly uly laçyn» atly ýörite sylagy gowşuryldy, bu bolsa onuň häzirki zaman sungatynyň ösmegindäki möhüm ornunyň tassyklanmasydyr.
Hut şu Gaznanyň beren goldawy netijesinde, «Kompozitor» filmi surata düşürildi we uly ekranlara çykdy. Medeniýeti öwrenijiler bu owandarlyk mysalyny haýyr-sahawat bilen döredijiligiň özara täsiriniň netijeli nusgasy hökmünde, şeýle hem geljekki başlangyçlar üçin ylham çeşmesi bolup hyzmat etjek nusga hökmünde aýratyn bellediler.

Filmi seljeren bilermenler milli sazçylyk däpleriniň kino sungatynyň döwrebap usullary bilen sazlaşykly utgaşmasyny aýratyn nygtadylar. Şeýle çeperçilik sintezi filme diňe bir özboluşly äheň bermek bilen çäklenmän, eýsem türkmen sazçylyk mekdebiniň ýokary abraýyny ýene bir gezek tassyklady. Bu mekdep wagtyň synagyndan geçen eserleri täze nesilleri ylhamlandyrmagyny dowam etdirýän görnükli kompozitorlary ýetişdirdi.
Ankarada we Aşgabatda geçirilen dabaralar türkmen kino sungatynyň, kinematografiýaçylaryň öňki nesilleri tarapyndan goýlan däpleri saklamaga çalşyp hem-de şol bir wagtyň özünde täze çeperçilik formalarynyň dilini özleşdirip, täze şertlerde kemala gelmegini dowam etdirýändigini aýdyň görkezdi.
Şeýle depgin Türkmenistanda yzygiderli geçirilýän halkara kinofestiwallary görnüşindäki işjeň halkara işleri, şeýle hem ýerli filmleriň daşary ýurtlaryň abraýly meýdançalarynda üstünlikli görkezilmegi bilen berkidilýär.
Şeýlelikde, «Kompozitor» filmi eýýäm iri festiwallarda ykrarnama gazandy. Ol Moskwanyň halkara kinofestiwalynda (2025) we «Gorkut Ata» halkara kinofestiwalynda (2024) baýraklara mynasyp boldy. Bu üstünlikler diňe bir milli лinematografiýanyň abraýyny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem halkara derejesinde medeni dialog üçin täze mümkinçilikleri açýar.
