
Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary energetikada täze bir açyş etdiler. Olar gün şöhlesini siňdirip, ony içinde ýyllar boýy saklap galýan täsin molekulany işläp taýýarladylar. Energiýa adama gerek wagty ýylylyk görnüşinde bölünip çykarylýar.
Molekulýar "ýaýjygy" nädip işleýär
Täze tehnologija adaty gün batareýalaryndan düýpgöter tapawutlanýar. Alymlar organiki himiýanyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, pirimidon esasynda molekula döretdiler. Ol mehaniki ýaýjygy ýaly işleýär.
Günüň täsiri astynda molekula görnüşini üýtgedip, "dartgynly" ýagdaýa geçýär. Energiýa uzak wagtyň dowamynda himiki baglanyşyklarda ygtybarly saklanýar. Ýylylygy çykarmak üçin azajyk gyzdyrmak ýa-da katalizator ýeterlikdir — şonda molekula şol bada "gowşaýar".
Tehnologiýanyň güýji we artykmaçlyklary
Dewar pirimidon diýlip atlandyrylan bu işläp taýýarlama diýseň güýçli boldy. Onuň energiýa dykyzlygy smartfonlarymyzdaky litiy-ion akkumulýatorlaryndan iki esse ýokarydyr. Synaglar wagtynda şeýle bir molekulanyň elektrik energiýasyz suwy gaýnatmak üçin ýeterlik boldy. Esasy artykmaçlyk, energiýanyň wagtyň geçmegi bilen ýitirilmezligidir. Bu bolsa ony gün şöhlesiniň birkemsiz "konserwantyna" öwürýär.
Bu açyş howadan garaşlylyk meselesini çözýär. Geljekde beýle akkumulýatorlar gijelerine öýleri ýylatmaga ýa-da syýahat wagty gazsyz suwy gyzdyrmaga mümkinçilik berer.
Ýeňil agramy sebäpli tehnologiýa uzak sebitler we hatda kosmosy özleşdirmek üçin hem uly umyt baglanylýar. Bu, gün şöhlesini göni manyda "jübüňde götermäge" mümkinçilik berjek eko-geljek üçin möhüm ädimdir.
ORIENT