Moskwa şäherinde Hytaýyň media toparynyň guramagynda 2026-njy ýylyň Bahar baýramyna bagyşlanan gala-konsertiň ýaýlymyny ilerletmek boýunça çäre geçirildi. Çärä müňden gowrak myhman gatnaşdy — olaryň arasynda jemgyýetçilik guramalarynyň, döredijilik toparynyň wekilleri hem-de talyplar bar.
“Gala-konsertine giriş — bütin dünýä gala-konsertini bilelikde synlaýar” atly maksatnama Russiýanyň Halklaryň dostlygy uniwersiteti bilen bilelikde taýýarlanyldy we medeni alyş-çalyş üçin meýdança öwrüldi.
Hytaýyň media toparynyň ýolbaşçysy Şen Haýsýun wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly çykyş etdi. Ol bu teletaslamanyň 85 sany daşary ýurt dilinde dünýä tomaşaçylaryna hödürlenjekdigini, şeýle hem ýokary takyklykly formatlary we sanly çözgütleriň täze neslini öz içine alýan häzirki zaman ýaýlym tehnologiýalarynyň ulanyljakdygyny belledi.
Çäräniň dowamynda Hytaýyň Russiýadaky ilçisi Çžan Hanhueý, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk boýunça ýörite wekili Boris Titow hem-de beýleki resmi adamlar çykyş etdiler.
Maksatnamanyň çäginde Russiýanyň “Kostroma” milli balet toparynyň we hytaýly sungat işgärleriniň gatnaşmagynda aýdym-sazly we tansly çykyşlar görkezildi. Şeýle hem myhmanlaryň Hytaý Täze ýylyny baýram etmek däpleri — kagyzdan nagyş kesmek sungaty, kalligrafiýa, halk senetçiligi we milli lybaslar bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän sergi meýdançasy guraldy.
Russiýaly suratkeş Anna Donçenko gündogar senenamasy boýunça ýetip gelýän At ýylyna bagyşlanan suratyny hytaý tarapyna gowşurdy.
Bahar baýramynyň gala-konserti, “Çunwan” ady bilen hem tanalýar we Hytaýyň iň meşhur telewizion taslamalarynyň biri bolmagynda galýar. 1983-nji ýylda ilkinji gezek görkezileli bäri ol Täze ýyl däpleriniň möhüm bölegine öwrüldi hem-de aýdym-saz, tans, teatr we halk çykyşlaryny öz içine alýan baý maksatnamasy bilen tomaşaçylary birleşdirýär.
At ýylynyň ýetip gelmegine bagyşlanan gala-konsertiň ýaýlymy 16-njy fewralda Pekin wagty bilen sagat 20:00-da başlanar we telewizion hem-de sanly platformalarda elýeterli bolar. Ýaýlym ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy dünýäniň dürli ýurtlarynda giň tomaşaçy köpçüligini üpjün eder diýlip garaşylýar.