Ilon Mask resmi taýdan taryhda ilkinji bolup, baýlygy 800 milliard dollardan geçen adam boldy. Forbes Real-Time Billionaires reýtinginiň 2026-njy ýylyň fewral aýyndaky maglumatlaryna görä, onuň umumy baýlygy 852,5 milliard dollar diýlip bahalandyrylýar. Bu taryhy rekord kosmos kompaniýasy “SpaceX” bilen emeli aňy ösdüriji “xAI” kompaniýasynyň strategik birleşmeginden soň hasaba alyndy.
Birleşdirilen tehnologik ägirdiň bazar bahasy 1,25 trillion dollara ýetdi. Maskyň bu gurluşdaky paýy takmynan 43%-e deňdir, bu bolsa 542 milliard dollara barabardyr. Işewüriň galan baýlygy “Tesla” kompaniýasyndaky 12%-lik paýyna hem-de umumy bahasy 300 milliard dollardan geçýän şertnamalar bukjasyna degişlidir.
Milliarderiň baýlygynyň ösüş depgini haýran galdyrýar: 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda ol baýlygy 500 milliard dollardan geçen ilkinji adam boldy. Dekabr aýynda bolsa “Tesla”-nyň paýnamalary bilen bagly kazyýet ýeňişleriniň soň bu görkeziji 700 milliard dollara ýetdi. Häzirki wagtda Mask iň ýakyn bäsdeşi — “Google”-yň esaslandyryjysy Lerri Peýjden 575 milliard dollar tapawut bilen öňde barýar.
Bilermenleriň pikirine görä, 2026-njy ýylyň iýun aýynda Ilon Mask resmi taýdan dünýäde ilkinji trillioner bolup biler. Munuň esasy sebäbi hökmünde birleşdirilen “SpaceX” kompaniýasynyň paýnamalarynyň ilkinji gezek birža çykarylmagy (IPO) görkezilýär. Baha kesgitlemesi 1,5 trillion dollar bolan ýagdaýynda, bu çykaryş taryhda iň ulusy bolup, Maskyň häzirki zaman dünýäsiniň iň täsirli telekeçisi hökmünde derejesini berkitjekdigine garaşylýar.
ORIENT
