Keramika we bezeg materiallary pudagynda işleýän Eziz Doganlar Keramika kompaniýasy SMM-hünärmeni işe almak boýunça bildiriş berdi. Kompaniýa häzirki zaman brendini ösdürýär, wizual taýdan özüne çekijilige, müşderiler bilen aragatnaşyga we sosial ulgamlarda işjeň gatnaşmagyna aýratyn üns berýär.
Bellenilişi ýaly, boş iş orny sosial ulgamlardaky sahypalary alyp barmakda tejribesi bolan, kontent we auditoriya bilen işleşmegiň esaslaryna düşünýän hünärmenler üçin niýetlenendir.
SMM-hünärmeniň wezipelerine kompaniýanyň sosial ulgam sahypalaryny (Instagram, Facebook we zerur bolan beýleki platformalar) alyp barmak, kontent-meýilnamasyny taýýarlamak we durmuşa geçirmek, tekst kontentini ýazmak, wizual materiallaryň döredilmegine gatnaşmak, paýlaşmalary ýerleşdirmek we yzygiderliligine gözegçilik etmek, şeýle-de abunaçylar bilen aragatnaşyk saklamak we esasy işjeňlik görkezijilerini seljermek girýär.
Dalaşgärlere bildirilýän talaplaryň arasynda SMM ulgamynda iş tejribesi, rus dilini gowy bilmek, sosial ulgamlarda öňe sürmegiň ýörelgelerine düşünmek, döredijilikli pikirlenmek, stil duýgusy we jogapkärçilik bar. Iňlis dilini bilmek goşmaça artykmaçlyk hökmünde kabul edilýär.
Kompaniýa doly iş güni bilen durnukly gurluşda iş ornuny hödürleýär. Iş tertibi — duşenbe gününden şenbe gününe çenli, sagat 09:00-dan 18:00-a çenli. Işe kabul edilýänlere amatly iş şertleri we brendi ösdürmäge, şeýle-de öz pikirlerini durmuşa geçirmäge mümkinçilik wada berilýär.
Boş iş orny boýunça ýüz tutmak üçin aşakdaky salgydaky anketany doldurmaly: https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLSfwjJpobWzWG--GRkxQiD7llvTTXeK3FIyXqO3_ddIIwYbDdg/viewform?usp=header
