Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä hem-de Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife gynanç hatyny iberdi. Yslamabat şäherinde parahat adamlaryň pida bolmagyna getiren pajyga waka Türkmenistanda hem uly gynanç bilen kabul edildi. Hatda ýurduň terrorçylygyň ähli görnüşlerine garşy durmaga taýýardygy nygtalýar.
“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny juda aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek hem-de ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow Yslamabat şäherindäki metjitde bolup geçen partlama zerarly iberen gynanç hatynda belleýär.
Yslamabat şäherindäki metjide janyny pida eden terrorçynyň hüjümi 6-njy fewralda bolup geçdi. Soňky maglumatlara görä, hüjümiň netijesinde 31 adam gurban boldy, ýene-de 169 adam ýaralandy. KHBS-iň habarlaryna görä, terrorçy juma namazyndan soň metjidiň girelgesinde partlaýjy enjamy herekete getirdi. “The News Pakistan” neşiriniň habaryna görä, terrorçylykly hüjümiň guramaçysy ýaranlary bilen bilelikde tussag edildi
