Hytaýyň Ylym we tehnologiýa uniwersitetinden bolan ylmy-barlag topary göwrümini giňeldip bolýan kwant torlary babatda möhüm üstünlikleri gazandy. Bu öňegidişlikler innowasion tehnologiýanyň amaly ulanylyşa has-da ýakynlaşandygyny görkezýär. Ylmy işiň netijeleri «Nature we Science» žurnallarynda çap edildi.
Kwant maglumat ylmynyň esasy wezipeleriniň biri — uly aralyklara kwant çylşyrymlylygynyň ýaýradylmagy talap etýän ýokary netijeli we örän ygtybarly kwant torlaryny döretmekden ybaratdyr. Bu bölejikleriň aralyga garamazdan özara durnukly baglanyşygy saklaýan aýratyn fiziki hadysasydyr.
Kwant çylşyrymlylygy kwant taýdan goragly aragatnaşyk üçin we geljekki kwant kompýuterlerini biri-biri bilen birikdirmek üçin zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda çynlakaý päsgelçilik optiki süýümlerde signalyň ýitmegidir, şonuň esasynda bolsa aralyk artdygyça, geçiriş netijeliligi derrew peselýär.
Bu meseläni çözmek maksady bilen, akademik Pan Szýanweýiň ýolbaşçylygyndaky topar kwant retranslýator tehnologiýasyna ünsi jemledi. Şeýle çemeleşme uzak aragatnaşyk kanalyny gysga böleklere bölmegi, her bölekde çylşyrymlylygy döretmegi we soňra olary birleşdirmegi öz içine alýar. Esasy kynçylyk kwant çylşyrymlylygynyň gysga wagtlygyndadyr.
Alymlar saklanyp galýan ionlara esaslanýan uzak möhletli kwant ýadyny, netijeli ion-foton interfeýsini we ýokary takyklykly tejribe protokolyny işläp düzmek arkaly bu çäklendirmäni ýeňip geçmegi başardylar. Bu bolsa, kwant çylşyrymlylygyny bölekleri birleşdirmek üçin gerek bolan wagtdan has uzak saklamaga mümkinçilik berdi.
Uniwersitetiň berýän maglumatlaryna görä, bu kwant retranslýatorynyň göwrümini giňeldip bolýan esasy modulynyň dünýädäki ilkinji görkezilmesidir. Bu bolsa, uzak aralykdaky kwant torlaryny döretmäge ýol açýar.
Munuň bilen bagly bolan başga bir uly açyşyň çäginde, topar meňzeş tehnologiýalary ulanmak arkaly, şäher optiki-süýümli ulgamlarynda enjamlara bagly bolmadyk kwant açarlaryny paýlamagy ilkinji gezek görkezdi. Bu tehnologiýa goragly aragatnaşygyň altyn standarty hasaplanýar, sebäbi onuň howpsuzlygy kwant fizikasynyň kanunlary bilen kepillendirilýär.
Tejribe 11 kilometr uzynlygyndaky optiki-süýümli geçirijide üstünlikli geçirildi, bu bolsa öňki netijelerden takmynan 3 müň esse köpdür. Mundan başga-da, goragly açarlary 100 kilometr aralyga çenli döretmegiň mümkindigi tassyklanyp, ozalky halkara rekordyndan iki esse artyk netije görkezildi.
Alymlar alnan netijeleriň optiki-süýüme esaslanýan kwant ulgamlarynyň nazary işläp düzmelerden amaly ulanyşa geçýändigine şaýatlyk edýändigini aýratyn bellediler.
«Eger ýakyn 10–15 ýylyň içinde uniwersal kwant kompýuterleri hakykata öwrülse, kwant retranslyatorlary we enjamlara bagly bolmadyk açarlaryň paýlanylmagy olary ýeke-täk bir ulgama birleşdirmäge mümkinçilik berer. Şeýle ýagdaýda kwant interneti hakykata öwrülip biler» — diýip, Pan Sýanweý belledi.