Dünýäniň ilkinji megawatt şäher ýel energetika gurnamasy bolan S2000 ulgamy Hytaýyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Syçuan welaýatynyň Ibin şäherinde 2 müň metr beýiklikde durnukly işlemäge başlady. Ulgamyň ulanyşa girizilmegi 5-nji ýanwarda başlandy.
Bir gije-gündiziň dowamynda gurnama 385 kilowat-sagat elektrik energiýasyny öndürip, pudak boýunça rekord goýdy.
Takmynan 2 müň metr beýiklikde ýeliň tizligi ýer ýüzündäki görkezijilerden birnäçe esse ýokary bolup, ýel energiýasynyň dykyzlygy onlarça esse artýar. Bu bolsa şol bir ölçegdäki ýel turbinalarynyň ýerüsti gurnamalara garanyňda şol bir wagtyň dowamynda has köp elektrik energiýasyny öndürmäge mümkinçilik berýär.
S2000 ulgamyny işläp düzüji Sawestoone kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Dun Týanžunyň sözlerine görä, uçýan ýel turbinasyny döretmekde uzak wagtlap esasy mesele generatoryň agramy bolup gelipdir. Şeýle-de bolsa, Hytaýda täze energetika tehnologiýalarynyň ösüşi bu meseläni ep-esli derejede çözmäge mümkinçilik berdi.
Onuň bellemegine görä, adaty ýagdaýda agramy onlarça tonna ýetýän, takmynan 3 megawatt kuwwatly hereketlendirijini uly beýiklikde ýerleşdirmek öňler mümkin däl hasap edilýärdi. Emma ýurtda kemala gelen senagat ulgamy we ekologiýa taýdan arassa energiýa bazary bu kynçylygy ýeňip geçmäge mümkinçilik berdi.
3,6 megawatt kuwwatly hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan S2000 gurnamasy aslynda şäheriň üstünde parlap duran we orta dartgynlykly hemişelik tok kabeli arkaly elektrik energiýasyny geçirýän howa elektrik stansiýasydyr. Iň amatly şertlerde onuň ýyllyk öndürýän energiýasy takmynan 3 müň hojalygy elektrik energiýasy bilen üpjün edip biler.
2024-nji ýyldan bäri Sawestoone kompaniýasy S500, S1500 we S2000 modellerini işläp taýýarlady we synagdan geçirdi, uçuş beýikligi we öndürilen elektrik energiýasynyň möçberi boýunça yzygiderli rekordlary goýdy.
Dun Týanžuý geliýniň aýlanyş ulgamy we oýlanyşykly aerodinamiki gurluşyň gurnamanyň bahasy bilen netijeliliginiň gatnaşygy boýunça ony dünýä derejesine çykarandygyny belledi. Onuň düşündirmegine görä, esasy element hökmünde dirižabliň doly germetikligini üpjün edýän ýapyk geliý aýlanyş ulgamy, şeýle-de ýokary göteriji güýç–garşylyk gatnaşygy bolan aerodinamiki gurluş çykyş edýär.
Onuň sözlerine görä, ekologiýa taýdan arassa energiýanyň bahasynyň peselmegi we çylşyrymly elektrik ulgamlaryny dolandyrmakdan baglylygyň azalmagy energetika bazaryny düýpli üýtgedip, adamlaryň isleglerini has netijeli kanagatlandyryp biler.
Uzak möhletli ylmy barlaglar beýik belentlikdäki ýel energiýasynyň arassa elektrik energiýasynyň örän baý çeşmesi bolup durýandygyny tassyklaýar. Şunuň bilen baglylykda, taslamanyň topary beýiklik boýunça synaglary has-da giňeltmegi maksat edinýär.
Taslamanyň hyzmatdaşlarynyň biri Wen Hankeniň habar bermegine görä, geljekde 4 müň metrden hem ýokary beýikliklerde synaglary geçirmek meýilleşdirilýär. Onuň aýtmagyna görä, şeýle belentliklerde ýel has durnukly bolup, aýratyn-da Syçuan ýaly çukur sebitlerde bu ýagdaý tehnologiýanyň amaly taýdan ulanylyş mümkinçiliklerini ep-esli giňeldýär.