Hytaýly adamşekilli robotlary futbol endiklerini görkezip we gyşky Olimpiýa oýunlarynyň janköýerleri bilen aragatnaşyk saklap, Milanyň ýaşaýjylarynyň hem-de myhmanlarynyň ünsüni özüne çekdi. Bu görkeziliş 2026-njy ýylda Milan we Kortinada geçirilýän Olimpiýa oýunlaryny şöhlelendirmegiň çäginde China Media Group studiýasy tarapyndan guraldy we ýerli wagt bilen sagat 20:00-da başlady.
Robotlaşdyrylan «çempionlar wekiliýeti» 2025-nji ýylda Pekinde geçirilen Bütindünýä adamşekilli robotlar oýunlarynda üstünlikli çykyş edensoň, demirgazyk Italiýa geldi. Ilkinji oýunlarynda olar päsgelçilikli zolaklarda, futbol duşuşyklarynda we amaly tabşyryklarda ýeňiş gazandylar.
Olaryň Olimpiýa çärelerine gatnaşmagy Hytaýyň robototehnikany täze tomaşaçylara niýetlenen we bäsdeşlik ruhly ugur hökmünde görkezmäge bolan ymtylyşyny alamatlandyrýar.
Italiýa–Hytaý institutynyň prezidenti Mariýa Roza Assolin adamlaryň we robotlaryň utgaşmagynyň geljekki Olimpiýa oýunlarynyň möhüm bölegi boljakdygyny belläp, Hytaýda robototehnologiýalaryň ýokary derejede ösýändigini nygtady.
Olimpiýa ýaýlymlaryny goldamakdan başga-da, robotlar wekiliýeti Milanyň gözel ýerlerine, uniwersitetlerine we ylmy-barlag institutlaryna baryp görýär, bu bolsa tehnologik alyş-çalyşy we hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýär.
Milanyň ýaşaýjysy Sezar häzirki zaman robotlarynyň indi diňe bir enjama meňzemeýändigini, eýsem barha adamlara ýakynlaşýandygyny aýdyp, Hytaýyň häzirki wagtda bu ugurda hakykatdanam öňdebaryjydygyny belledi.
Ilkinji Bütindünýä adamşekilli robotlar oýunlary geçen ýylyň awgustynda Pekinde geçirildi we robototehnika bilen emeli aňyň ösüşinde möhüm tapgyr boldy. Oýunlara 16 ýurtdan 280 topar gatnaşyp, 26 ugur boýunça bäsleşdi. Olaryň hatarynda dünýäde ilkinji gezek adamşekilli robotlaryň 100 metr aralyga ylgamak we bäşe garşy bäş görnüşindäki doly awtonom robo-futbol duşuşygy hem bar.
Bütindünýä adamşekilli robotlar oýunlarynyň ikinji sessiýasy şu ýylyň awgustynda Pekinde geçiriler. Pekin şäheriniň ykdysadyýet we maglumat tehnologiýalary boýunça şäher dolandyryşynyň direktorynyň orunbasary Lýu Weýlýan bu bäsleşikleriň hyzmatdaşlygyň, ylmy barlaglaryň we adamşekilli robotlaryň önümçilige hem-de gündelik durmuşa ornaşdyrylmagynyň ösüşine ýardam berjekdigini aýtdy.