Agro Inženerçilik — agrosenagat we infrastruktura desgalary üçin tehniki çözgütleri taslamak we durmuşa geçirmek ugrunda işleýän inženerçilik kompaniýasy bolup, önümçilik-tehniki bölüminiň inženeri wezipesine hünärmeni kabul edýändigini yglan edýär.
Kompaniýa taslamalary ähli tapgyrlarda — taslamalaşdyrmakdan başlap ulanyşa bermäge çenli — alyp barýar we ýerine ýetirilýän işleriň takyklygyna, möhletleriň berjaý edilmegine hem-de hiline aýratyn üns berýär.
Iş orny barada
Topara AutoCAD programmasyny ynamly derejede ulanýan, taslama-tehniki resminamalar bilen işläp bilýän we birnäçe dilde kärdeşler hem-de potratçylar bilen aragatnaşyk saklap bilýän, iş tejribeli önümçilik-tehniki bölüminiň inženeri gerek.
Esasy borçlar
taslama-tehniki resminamalary taýýarlamak we olary alyp barmak;
AutoCAD programmasynda çyzgylar we shemalar bilen işlemek;
ýerine ýetiriji resminamalary ýöretmek;
iş möçberlerini we tehniki çözgütleri barlamak;
taslama hünärmenleri, inženerler we potratçylar bilen özara gatnaşykda bolmak;
hasabatlary we tehniki hasaplamalary taýýarlamaga gatnaşmak.
Dalaşgärlere talaplar
ýokary ýa-da orta hünär tehniki bilimi;
önümçilik-tehniki bölüminiň inženeri hökmünde azyndan 1 ýyl iş tejribesi;
AutoCAD programmasyny ynamly derejede bilmek;
iňlis, rus we türk dillerini bilmek;
jikme-jikliklere üns bermek we ulgamlaýyn pikirlenmek;
resminamalar bilen işläp bilmek we möhletleri berjaý etmek ukyby.
Iş şertleri
durnukly inženerçilik kompaniýasynda işlemek;
agrosenagat we inženerçilik ugurlaryndaky taslamalara gatnaşmak; hünär taýdan ösmegiň mümkinçilikleri;
bäsdeşlige ukyply zähmet haky (söhbetdeşligiň netijesinde ylalaşylýar); dostlukly iş gurşawy.
Nädip ýüz tutmaly
Bäsleşige gatnaşmak üçin görkezilen salgydan anketany doldurmak zerurdyr https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLSfqW8PLi3BL3X5CYd3Q7RJiA7xAINpzouuxTuuVYyEQs32UlA/viewform?usp=header
