Oba senagat pudagynda iş alyp barýan Agro Inženerçilik inženerçilik kompaniýasy gözegçilik-ölçeýji we awtomatika (GÖ we AW) enjamlar boýunça inžener wezipesine hünärmen kabul edýändigini yglan etdi.
Kompaniýa oba senagat ulgamy üçin inžener çözgütlerini ösdürip, desgalary awtomatizasiýa etmek, döwrebaplaşdyrmak we tehniki goldaw bermek boýunça taslamalary amala aşyrýar.
Boş iş orny barada
Topara GÖ we AW enjamlar boýunça inžener gerek, iş tejribesi azyndan 1 ýyl bolmaly we AutoCAD programmasyny gowy bilmeli. Mundan başga-da, iňlis, rus we türk dillerini bilmek talap edilýär.
Esasy borçlar
• AutoCAD ulanyp GÖ we AW enjamlar ulgamlaryny taslamak;
• iş we tehniki resminamalary taýýarlamak;
• enjamlary sazlamak, synagdan geçirmek we işe girizmek;
• degişli bölümler we potratçylar bilen hyzmatdaşlyk etmek;
• işe girizmek we sazlamak işlerine gatnaşmak.
Dalaşgärler bildirilýän talaplar
• GÖ we AW enjamlar boýunça inženeri bolup iş tejribesi azyndan 1 ýyl;
• AutoCAD programmasyny gowy bilmek;
• iňlis, rus we türk dillerini bilmek;
• tehniki analiz we inžener meselelerini çözmek başarnyklary.
Iş şertleri
• halkara taslamaly durnukly kompaniýada iş;
• hünär taýdan ösüş mümkinçilikleri;
• bäsleşige ukyply aýlyk zähmet haky.
Nädip ýüz tutmaly
Saýlama gatnaşmak üçin anketany şu salgydan doldurmak bolar. https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLSczOOdvi26ZNLKUNdqa9y1w6sXWq1p-nvp--xqUk31ECEti8g/viewform.
